Geçen hepde Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň bahasy 12 mln dollardan gowrak boldy

  • 02.03.2026 14:56
  • 1.4k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri esasy harytlar hökmünde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň binýatlyk ýagyny satyn aldy. Şeýle hem daşary ýurtly telekeçilere nah ýüplük, dokma önümleri we ýoduň spirtli ergini ýerlenildi. Bu ugurdaky geleşikleriň umumy bahasy 12 million 258 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Türkmen telekeçileri hem söwdalarda işjeňlik görkezip, içerki sarp edijiler üçin jemi bahasy 44 million 302 müň manatdan gowrak bolan önümleri satyn aldy. Satyn alnan harytlaryň hatarynda binýatlyk ýag, polipropilen, peç ýangyjy («Türkmennebit» döwlet konserni), gazbeton bloklary, bugdaý uny we nah ýüplük ýaly önümler bar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......