7.5k+

Trillioner tehnologiýa ägirtleriniň umumy kapitalizasiýasy 21 trln dollara ýetdi

ABŞ-nyň sekiz sany iň uly tehnologiýa kompaniýalarynyň umumy bahasy 21 trln dollardan geçdi. Nvidia-nyň paýnamalarynyň pese gaçandygyna garamazdan, bir hepdede olaryň bazar bahasy 420 mlrd dollar ýokarlandy. Indi bu kompaniýalar S&P 500 indeksiniň, takmynan, 36%-ini emele getirýär diýip, CNBC habar berýär...

4.2k+

Tesla-nyň Hindistandaky satuwy ýöremedi. 2,5 aýda bary-ýogy 600 sargyt kabul edildi

Tesla kompaniýasynyň hindi bazaryna çykmagy garaşylan tamany ödemedi. Iýun aýynyň ortalarynda satuw başlany bäri kompaniýa bary-ýogy 600 sargyt kabul etdi, bu bolsa meýilnamadan ep-esli azdyr. Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, ilkibaşda Tesla ýyl üçin meýilleşdiren 2500 awtomobiliniň ählisini satmagy göz öňünde tutupdy...

5k+

Tesla Mask üçin täze 29 milliard dollarlyk bonusy tassyklady

Tesla öz esaslandyryjysy we baş direktory Ilon Maska 96 million paýnamanyň berilmegini tassyklady. Häzirki bazar bahalarynda olaryň bahasy 29 milliard dollardan geçýär. Bu barada kompaniýanyň paýdarlara ýazan hatynda aýdylýar...

2.2k+

Samsung Tesla bilen çip öndürmek barada 16,5 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy

Samsung Electronics Tesla kompaniýasyndan 2033-nji ýylyň ahyryna çenli 16,5 mlrd dollarlyk çip üpjünçiligi barada uly şertnama aldy. Bu barada Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask habar berdi. Maskyň aýtmagyna görä, Samsung-yň Tehasdaky täze zawody indiki nesil Tesla AI6 çiplerini öndürer...

6.9k+

Tesla her 1,5 minutda bir Model 3 satýar. Eýýäm 3 mln ulag satyldy

Tesla täze sepgide ýetendigini habar berdi: ilkinji gezek hödürlenenden bäri 7 ýylyň dowamynda bütin dünýäde 3 mln Model 3 awtomobili satyldy. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, “ortaça her 1,5 minutda bir ulag satylýar” – diýip, Autohome ýazýar...

5.6k+

Tesla Seminiň netijeliligi hakyky synaglarda barlanyp görüldi

ArcBest logistika kompaniýasy tarapyndan geçirilen üç hepdelik synagda Tesla Semi elektrik ýük ulagy bir mile (1,6 km) 1,55 kilowat sagat energiýa sarp edýändigini görkezdi. Bu ulag 7230 kilometrden gowrak ýoly geçip, hakyky ýük daşamakda yzygiderli ulanylýardy...

8.7k+

Ilon Mask Tesla-nyň taryhynda iň “beýik” tanyşdyrylyşy wada berdi

Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask şu ýylyň ahyrynda, onuň aýtmagyna görä, kompaniýanyň taryhynda “iň beýik” boljak çäräniň meýilleşdirilýändigini yglan etdi. “Şu wagt Tesla-nyň dizaýn studiýasyndan çykdym. Iň beýik tanyşdyrylyş ýylyň ahyrynda bolar...

4.9k+

Volkswagen Ýewropada elektrokar satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi

2025-nji ýylyň birinji alty aýynyň jemi boýunça Volkswagen konserni Ýewropada elektrik ulaglarynyň satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi. Handelsblatt neşiriniň maglumatlaryna laýyklykda, VW Group-yň düzümine girýän ähli brendleriň batareýa bilen işleýän modelleriniň satuwy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, sebitde 89% ýokarlandy we 347 900 birlige ýetdi...

3.8k+

Tesla-nyň satuwy 13% pese gaçdy, kompaniýa kyn döwri başdan geçirýär

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde Tesla 384 122 awtomobil satdy, bu bir ýyl ozalkydan 13% azdyr. Kompaniýa yzygider ikinji çärýek satuwyň pese gaçmagy bilen ýüzbe-ýüz bolar. Ösüşe gaýdyp gelmek üçin, kompaniýa ýylyň ikinji ýarymynda tas 110 000 ulag artyk satmaly diýip, Bloomberg ýazýar...

11k+

Audi we Volvo täze 2025-nji ýyl awtoulaglaryň hili boýunça düzülen reýtingde iň soňky orunlary eýelediler

J.D. Power amerikan kompaniýasy tarapyndan geçirilen 2025-nji ýylyň täze awtoulaglarynyň hil derejesi boýunça barlag dürli awtoulag brendleriniň ygtybarlylygynda uly tapawutlaryň bardygyny ýüze çykardy. Pikir soraşma 92 694 sany adam gatnaşyp, olar ulaglaryny satyn alan pursadyndan başlap, ilkinji 90 gününiň dowamyndaky ýagdaýyna baha berdiler...

6.9k+

Toyota RAV4 dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy

Toyota RAV4 ýapon krossoweri 2024-nji ýylda dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy. Ol birinji orundan geçen ýylky lider Tesla Mode Y-ny gysyp çykardy. JATO Dynamics analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde iki modeliň arasyndaky satuw tapawudy 2 müň awtomobilden gowrak boldy...

2k+

Tesla-nyň Optimus atly adam şekilli roboty tans etmegi öwrendi

Ilon Mask X sosial torunda adam şekilli Tesla Optimus robotynyň tans hereketlerini ýerine ýetirýän wideosyny paýlaşdy. Tesla-nyň robototehnika bölüminiň ýolbaşçysy Milan Kowaçyň aýtmagyna görä, bu hereketler güýçlendirilen maşyn öwrenmesi (reinforcement learning, RL) arkaly gazanyldy...

5.5k+

Tesla iň arzan modelini hödürledi. Bahasy 33 990 dollar

Tesla kompaniýasy ABŞ-da «Model Y» krossoweriniň yzky tekerlerden herekete getirilýän täze görnüşini hödürledi. Täze model has uzak ýol geçmäge ukyply bolup, arzan bahasy bilen tapawutlanýar. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär...