Ilon Mask baýlygy ýarym trillion dollara ýeten ilkinji adam boldy

  • 03.10.2025 17:01
  • 8.6k+

2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda amerikaly işewür, Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Forbes žurnalynyň hasaby boýunça baýlygy 500 mlrd dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy.

Milliarderler indeksiniň maglumatlaryna görä, milliarderiň baýlygy bu görkezijä Tesla-nyň paýnamalarynyň 4% ýokarlanmagy netijesinde ABŞ-nyň gündogar wagty bilen 15:30-da (Aşgabat wagty bilen 00:30) ýetdi. Soňrak Maskyň baýlygy sähel – 499,1 mlrd dollara çenli azaldy.
Bloomberg agentligi onuň baýlygyny 470 mlrd dollar diýip hasaplaýar.
Bloomberg-iň we Forbes-iň, degişlilikde, hasaplamalary boýunça, Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyndaky ikinji adamdan – Oracle-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellisondan 120 ýa-da 150 mlrd dollar öňde barýar.
Ilon Mask Tesla-nyň 191 mlrd dollarlyk 12% paýnamasyna, SpaceX-iň 168 mlrd dollarlyk 42% paýnamasyna we xAI Holdings-iň 60 mlrd dollarlyk 53% paýnamasyna eýeçilik edýär.
Soňky bäş ýylda Maskyň baýlygy 20 esseden gowrak ýokarlandy. 2020-nji ýylyň martynda Forbes onuň baýlygyny 24,6 mlrd dollar diýip hasaplapdy, eýýäm şol ýylyň awgustyna çenli ol Tesla-nyň paýnamalarynyň gymmatlamagy netijesinde 100 mlrd dollardan geçdi. 2021-nji ýylyň sentýabryna çenli onuň baýlygy 200 mlrd dollardan, 2021-nji ýylyň noýabryna çenli 300 mlrd dollardan, 2024-nji ýylyň dekabryna çenli bolsa 400 mlrd dollardan geçdi.
Informa Connect Academy analitiki topary 2024-nji ýylyň sentýabrynda Maskyň eýýäm 2027-nji ýyla çenli bir trln dollar baýlygy bolan ilkinji adam bolup biljekdigini çaklady. 


10.05.2026 12:04
1.3k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......