Los-Anjelesde zarýad stansiýasy we retro-garbanyşhana bilen dünýäde ilkinji Tesla Diner toplumy açyldy

  • 23.07.2025 15:08
  • 6.3k+

Los-Anjelesde zarýad stansiýasyny we 1950-nji ýyllaryň stilinde retro-futuristik garbanyşhanany özünde jemleýän dünýäde ilkinji Tesla Diner işläp başlady.

Bu şäherde iň uly Tesla Supercharger toplumy bolup, onda NACS standartyny goldaýan ähli elektromobiller üçin 80 sany V4 zarýad porty elýeterlidir. Myhmanlar bu ýerde awtomobillerine zarýad berip, iýip-içip we filmlere tomaşa edip biler. Sargytlar awtomobiliň sensor ekrany arkaly öňünden ýa-da ýerinde kabul edilýär. Tagamlar göni sürüjiniň aýnasyna eltilýär. Menýuda adaty amerikan tagamlary: burger, hot-dog, ýeralma frisi we süýtli kokteýller bar.


Toplum iki sany uly LED ekrany bilen üpjün edildi we olarda filmler, aýdym-saz klipleri hem-de SpaceX-iň uçuşlary görkezilýär. Ses Tesla-nyň audio-ulgamy arkaly sinhronlanýar, şol sebäpli ony gönüden-göni salonda eşitmek bolýar.
Binanyň üçeginde açyk eýwan bar, içinde bolsa myhmanlara Optimus roboty hyzmat edýär.

“Bizde dynç alyp hem bilersiňiz – iki mega-ekranda filmler we ýörite programmalar görkezilýär. Iýip-içmäge we biziň Skypad eýwanymyzda dynç almaga geliň ýa-da Tesla Diner arkaly serediň, onda filmleriň tertibi hem bar” – diýlip, kompaniýada habar berildi.


22.06.2026 00:57
5.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......