Tesla Maska 10 ýyl zähmet hakyndan ýüz öwrüp, 1 trln dollarlyk paýnama almagy teklip etdi

  • 08.09.2025 17:13
  • 12k+

Tesla-nyň müdirler geňeşi Ilon Mask üçin geljek on ýyla niýetlenen sylag meýilnamasyny hödürledi. Resminamanyň şertlerine görä, işewür zähmet hakyndan we bonuslardan ýüz öwrer, onuň deregine bolsa kompaniýanyň 1 trln dollarlyk paýnamalaryny alyp biler. Bu barada Financial Times habar berýär.

Paýnamalar diňe Tesla birnäçe görkezijilere ýeten ýagdaýynda Maska berler. Olaryň arasynda girdejiniň ýokarlanmagy, kompaniýanyň bazar bahasynyň ösmegi we million elektromobiliň satylmagy bar.
Müdirler geňeşi şeýle çemeleşmäniň maýadarlaryň garaşmalaryna laýyk gelýändigini aýdýar. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa öňde goýlan maksatlara ýetmese, telekeçi hiç zat almaz.
Meýilnama görä, Tesla-nyň bahasy 1 trln dollardan 8,5 trln dollara çenli artmaly. Ähli şertler ýerine ýetirilen ýagdaýynda Mask 423 mln paýnama alyp biler, bu hem onuň kompaniýadaky paýyny 16%-den 25%-e çenli artdyrar. Şonda onuň baýlygy 2 trln dollara ýetip biler we ol dünýäde ilkinji trillioner bolar.


10.05.2026 12:04
1.2k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......