Samsung-yň paýnamalary Tesla bilen geleşigiň netijesinde soňky 20 ýylda iň gowy döwrüni başdan geçirýär

  • 31.07.2025 21:45
  • 7.2k+

Tesla bilen ýarymgeçiriji komponentleri öndürmek üçin 16,5 milliard dollarlyk garaşylmadyk ýagdaýda şertnama baglaşandan soň, Samsung kompaniýasynyň paýnamalary 10% töweregi ýokarlandy. Iýul aýynyň başyndan bäri kompaniýanyň paýnamalary 20% gymmatlady. Munuň özi iýul aýyny kompaniýa üçin soňky 20 ýylda iň üstünlikli aýa öwürýär diýip, Bloomberg habar berýär.  

Iýul aýynda Koreýanyň Kospi indeksindäki girdejiniň ýarysyndan gowragy Samsung-yň paýnamalarynyň hasabyna gazanyldy. Bu ýagdaý maýa goýujylaryň kompaniýa bolan uly gyzyklanmasyny görkezýär.
Analitikleriň pikiriçe, Tesla bilen hyzmatdaşlygyň üstünlikli amala aşyrylmagy Samsung-y iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüp biler. Şeýle-de, bu şertnama ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky gurluşygy gijä galan zawodyň doly güýjünde işlemegini üpjün eder.

"Şu wagta çenli bazar Samsung-yň çip öndürýän biznesine, umuman, ähmiýet bermändi. Indi bolsa birden düşündi: 'Hawa, olar entek başarýarlar, ahbetin" diýip, Pictet Asset Management-yň baş maýa goýum dolandyryjysy Ýong Dže Li aýdýar.

Soňky ýyllarda Samsung dünýä çip bazarynda öz pozisiýasyny ýitirip, TSMC ýaly bäsdeşlerine we Apple ýaly iri müşderilere ýol berdi. Morgan Stanley-niň analitikleriniň hasaplamasyna görä, Tesla bilen gazanylan şertnama Samsung-yň bazar bahasyna 50 milliard dollardan gowrak goşant goşup biler.

"Tesla bilen hyzmatdaşlygyň yglan edilmegi Samsung-yň Amerikadaky önümçiliginiň ýokary tehnologiýaly derejesini tassyklaýar — bu bolsa Intel-iň ýerli önümçiligi ýola goýmakdaky kynçylyklarynyň çäginde has-da üns çekýär" - diýip, Allspring Global Investments-yň dolandyryjysy Geri Tan belleýär.

Şeýle-de bolsa, käbir analitikler Tesla bilen gazanylan üstünlikleriň Samsung-yň emeli aň ugruna doly geçişini kepillendirmeýändigini duýdurýarlar.


düýn 17:02
1.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.6k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....