Euro NCAP 2025-nji ýylyň iň ygtybarly 10 awtoulagyny atlandyrdy. Reýtingde 6 sany hytaý modeli bar

  • 11.07.2025 01:22
  • 6.2k+

Ýewropanyň Euro NCAP kraş-synag birleşigi 2025-nji ýylyň iň howpsuz awtoulaglarynyň sanawyny täzeledi. Ilkinji onlukdaky modelleriň ýarysyndan gowragy Hytaýyňkydyr. Şeýle hem, sanawda  Tesla, Audi we Polestar bar diýip, Finratings.kz ýazýar.

Tesla Model 3 mümkin bolan 400 baldan 359 bal gazanyp, birinji ýeri eýeledi. Bu model sürüjini, ýolagçylary we pyýadalary goramakda ýokary netijeliligi görkezdi we howply ýol ýagdaýlarynyň simulýasiýasyny üstünlikli ýeňdi.
Ikinji orny Polestar 3 eýeledi, üçünji ýerde bolsa Audi A6 e-tron durýar. Ol sürüjini we ýolagçylary goramak nukdaýnazaryndan bäsdeşlerinden öňe geçdi, ýöne beýleki ölçeglerde yza galdy.

Hytaý markalary reýtingiň tolgundyryjy tarapy boldy. Tanyşdyrylan alty modeliň hemmesine bäş sany howpsuzlyk ýyldyzy berildi. Olaryň iň gowusy ykjam krossower Voyah Courage hökmünde ykrar edildi. Geely EX5, BYD Sealion 7, MG S5, Hongqi EHS9 we gibrid Jaecoo 7 hem ýokary bahalara eýe boldy.
Modeller öň we gapdal urgular, pyýadalary goramak we elektron kömekçileriň netijeliligi boýunça synaglardan üstünlikli geçdi.
Bu ýyl Euroewro NCAP kraş-synagyndan geçen ilkinji model iň gelşikli şäher krossoweri Zeekr X boldy. Ol ähli ugurlarda iň ýokary bal gazandy: ulularyň goraglylygy - 91%, çagalaryň goraglylygy - 90%, pyýadalaryňky - 84%, elektron ulgamlary - 83%.
Reýtinge jemi 20 awtoulag girizildi. Olardan 14-si bäş ýyldyz, galanlary - dört ýyldyz aldy.


düýn 16:03
992

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

09.05.2026 13:31
2.1k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

06.05.2026 15:47
4.9k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....