Larri Ellison bir günde 101 mlrd dollar baýap, Maskdan dünýäniň iň baý adamy adyny aldy

  • 10.09.2025 23:31
  • 11k+

Oracle korporasiýasynyň ýolbaşçysy Larri Ellison Bloomberg-de baýlaryň sanawynda ilkinji gezek birinji ýeri eýeledi. Ol Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Maskdan öňe geçdi. Agentligiň maglumatyna görä, Ellisonyň baýlygy 393 mlrd dollara ýetdi, Maskyň baýlygy bolsa 385 mlrd dollar boldy.

Ellisonyň baýlygynyň tiz ösmegi onuň kapitalynyň bir günüň içinde 101 mlrd dollar ýokarlanmagy bilen baglanyşykly — bu bolsa Bloomberg reýtinginiň taryhynda iň uly ösüş boldy. Şeýle ýagdaý Oracle korporasiýasynyň aksiýalarynyň çarşenbe günki söwdada 41,8% ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa kompaniýanyň çärýeklik hasabatynda emeli aň tehnologiýalaryndan gelýän girdejileriň artmagy we oňyn çaklamalar bilen düşündirilýär.
Mask tas bir ýyl bäri sanawda birinji ýeri saklapdy. Ilkinji gezek ol 2021-nji ýylda sanawda öňdeligi eýeläpdi, ýöne soňra wagtlaýynça Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezosa hem-de LVMH-niň ýolbaşçysy Bernard Arno ýoly beripdi. Häzirki wagtda olaryň orny sanawda degişlilikde dördünji we sekizinji ýerde durýar.
Forbes hem Ellisonyň baýlygynyň artandygyny belläp geçýär (102 mlrd dollar ýa-da umumy baýlygynyň 35%-e golaýy), onuň baýlygyny 395 mlrd dollar diýip bahalandyrypdy. Ýöne Forbes-iň reýtinginde Mask entek öňdeligi saklaýar, onuň baýlygy 437 mlrd dollar diýip hasaplanylýar.
Ellison häzir 81 ýaşynda. Ol Oracle korporasiýasyny 1977-nji ýylda Bob Maýner we Ed Outs bilen bilelikde esaslandyrdy. 37 ýyl kompaniýa ýolbaşçylyk edeninden soň, 2014-nji ýylyň sentýabrynda baş direktor wezipesinden çekildi we dolandyryjylar geňeşiniň başlygy hem-de tehnologiýalar boýunça direktory boldy.


18.03.2026 21:49
2.6k+

xAI Grok ulgamyna maliýe pudagyny öwretmek üçin bankirleri işe alýar

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Grok neýroulgamyny kämilleşdirmek üçin maliýe bilermenlerini we bankirleri işe kabul edip başlady. Kompaniýanyň şeýle etmek bilen maksady bu çat-boty çylşyrymly maliýe amallaryny, şol sanda kärhanalaryň birleşdirilmegi we satyn alynmagy ýaly amallary seljerýän gurala öwürmekdir...

18.03.2026 09:46
4.2k+

ByteDance-yň esaslandyryjysy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy – Forbes

ByteDance tehnologiýa kompaniýasynyň esaslandyryjysy Çžan Imin «Forbes» žurnalynyň täze reýtinginde Hytaýyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Onuň baýlygy 69,3 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar, bu bolsa telekeçä dünýädäki milliarderleriň sanawynda 26-njy orny eýelemäge mümkinçilik berdi...

01.03.2026 10:42
9.4k+

Ýewropa we Hytaý bazarlaryny elden gidirýän Tesla üçin Mask Aýyň ýüzünde zawod gurmak isleýär

Ilon Mask Tesla kompaniýasynyň geljekki 20 ýylyň dowamynda Aýda önümçilik zawodyny gurmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Ol bu barada Giga Berlin zawodynyň ýolbaşçysy bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy we maýadarlaryň kompaniýanyň uzak möhletli geljegine üns bermelidigini belledi...

07.02.2026 15:30
7.4k+

Maskyň "içgysgynç" kompaniýasy Dubaýdaky 20 minutlyk ýoly 3 minuda çenli gysgaldar

Dubaýda "Dubai Loop" atly ýokary tizlikli ýerasty ýol ulgamynyň ilkinji dört stansiýasynyň taslamasy tanyşdyryldy. ​Ulag girişleri Burj Khalifa gökdiräniniň ýanynda, DIFC 2 işewürlik etrabynda, Dubai Mall Zabeel awtoduralgasynda we Brookfield Place halkara ulag terminalynda ýerleşer...