Tesla alty aýda Berlindäki zawodynda 100 müň sany täze Model Y ýygnady

  • 31.08.2025 08:50
  • 4.6k+

Tesla Gigafactory Berlin zawodynda 100 000-nji täzelenen Model Y-nyň goýberilendigini yglan etdi. Zawod bu möhüm sepgide bary-ýogy alty aýyň içinde ýetdi - önümçilik 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň ortalarynda başlanypdy.

Kompaniýa gazanylan üstünligi barada X sosial ulgamyndaky resmi Tesla Manufacturing akkaunty arkaly mälim etdi we gurnama hataryndan düşüp barýan awtoulagyň suratyny çap etdi.
Juniper kod ady bilen belli bolan Model Y -тyň täzelenen wersiýasy dizaýnynda, interýerinde we programma üpjünçiliginde üýtgeşmeler aldy. Bu gowulaşmalar modeliň elektrikli krossower bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmalydyr.
Gigafactory Berlin Tesla-nyň elektrik ulaglaryna islegiň ýokary bolmagynda galýan ýeri bolan Ýewropa eltilmegi üçin möhümdir.
Analitikler 100 000 ulagyň indiki tapgyryna has gysga wagtyň içinde ýetip bilinjekdigini çaklaýarlar, bu kompaniýanyň dünýädäki satuwynda zawodyň eýeleýän ornuny güýçlendirer.


düýn 18:36
3.7k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.7k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......