Tesla-nyň Hindistandaky satuwy ýöremedi. 2,5 aýda bary-ýogy 600 sargyt kabul edildi

  • 05.09.2025 10:38
  • 4.2k+

Tesla kompaniýasynyň hindi bazaryna çykmagy garaşylan tamany ödemedi. Iýun aýynyň ortalarynda satuw başlany bäri kompaniýa bary-ýogy 600 sargyt kabul etdi, bu bolsa meýilnamadan ep-esli azdyr. Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, ilkibaşda Tesla ýyl üçin meýilleşdiren 2500 awtomobiliniň ählisini satmagy göz öňünde tutupdy.

Çeşmeler şu ýyl kompaniýanyň Hindistana 350 – 500 awtomobil ibermegi meýilleşdirýändigini habar berýär. Ilkinji toplum sentýabryň başynda Şanhaýdan gelmeli. Üpjünçilik häzirlikçe Mumbai, Deli, Puna we Gurgaon şäherleri bilen çäklendiriler.
Hindistanyň bazaryna çykmazdan öň kompaniýa brendiň meşhurlygyna bil baglapdy, ýöne ýokary import paçlary, çylşyrymly bazar gurşawy we ABŞ bilen Hindistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagy satuwyň netijelerine täsir etdi. Hindistanda esasy Tesla Model Y modeliniň bahasy 6 mln rupiýadan gowrak (takmynan, 68 müň dollar) bolup, bu bazardaky elektromobilleriň ortaça bahasyndan ep-esli ýokarydyr. Olaryň bahasy 2,2 mln rupiýa (takmynan, 24,9 müň dollar) barabar. Häzirlikçe elektromobiller ýurtda tutuş awtomobil satuwynyň 5%-den gowragyny emele getirýär.
Muňa garamazdan, sargyt möçberi premium segment üçin o diýen az däl – 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Hindistanda 4,5 – 7 mln rupiýa (takmynan, 51-79 müň dollar) aralygynda 2800-den gowrak elektromobil satyldy. Tesla Mumbai we Deli şäherlerinde Supercharger stansiýasyny gurmak we 2026-njy ýylda günorta şäherlerde üçünji merkezi meýilleşdirmek bilen, ýurtda barlygyny giňeltmegi dowam etdirýär.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......