Tesla kompaniýasy Cybertruck-yň iň elýeterli görnüşiniň önümçiligini togtatdy

  • 17.09.2025 09:35
  • 4.8k+

Tesla satuwa çykarylandan bary-ýogy birnäçe aýdan soň Cybertruck-yň iň elýeterli görnüşiniň önümçiligini bes etdi. Elektrik pikap täjirçilik taýdan şowsuz boldy.

Ozal kompaniýa bir milliondan gowrak sargyt barada habar beripdi. Ilkibaşda ýylda 250 000 awtomobil öndürmek meýilleşdirildi, Ilon Mask bolsa hatda bu möçberi ýylda 500 000 elektromobile çenli artdyrmagy göz öňünde tutdy. Ýöne iş ýüzünde Cybertruck-yň satuwy ýylda, takmynan, 20 000 birlige barabar. Islegiň pes bolmagynyň esasy sebäbi bahanyň ýokary we ulagyň aýratynlyklarynyň ilkibaşdaky meýilnamalara gabat gelmezligi boldy.
Tesla 2025-nji ýylyň aprelinde yzky herekete getiriji bilen (RWD) Cybertruck-yň has elýeterli görnüşini hödürledi. Onuň bahasy 69 990 dollar boldy, bu bolsa 80 000 dollarlyk AWD modelinden 10 000 dollar arzandyr.
Ýöne täze wersiýada birnäçe kemçilik bar: işjeň pnewmatik asgyç, bagaž ýeriniň awtomatik gapagy, kuzowda rozetka ýok, üstesine-de diňe bir hereketlendiriji oturdylan.
Şonuň üçin Cybertruck RWD satuwa çykarylandan bäş aýdan soň diýen ýaly önümçilikden aýryldy. 


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......