Tesla Seminiň netijeliligi hakyky synaglarda barlanyp görüldi

  • 15.07.2025 13:21
  • 5.6k+

ArcBest logistika kompaniýasy tarapyndan geçirilen üç hepdelik synagda Tesla Semi elektrik ýük ulagy bir mile (1,6 km) 1,55 kilowat sagat energiýa sarp edýändigini görkezdi. Bu ulag 7230 kilometrden gowrak ýoly geçip, hakyky ýük daşamakda yzygiderli ulanylýardy.

Bu model üçin iň oňat netije: 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Tesla her mile 1,6 kilowat-sagat gerekdigini görkezdi, ozal Ilon Mask Seminiň netijeliligini 1,7 kilowatt-sagat diýip çaklapdy.
Tesla-nyň müşderileri geçen ýyl öz synaglaryny geçirdiler. Şonda DHL her mile 1,72 kilowat sagadyň, Saia bolsa 1,73 kilowat sagadyň gerekdigini ýazga alypdy.
Tesla Semi-niň önümçilik wersiýasyny 2022-nji ýylda resmi taýdan hödürledi, ýöne ýük awtoulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligi entek başlanmady. Ýygnamak işiniň 2025-nji ýylyň ahyrynda Newadadaky täze zawodda başlanmagyna garaşylýar.


düýn 18:36
2.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......