Bloomberg: Tesla Dojo superkompýuterini işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan toparyny ýatyrdy

  • 10.08.2025 23:16
  • 2.2k+

Ilon Maskyň eýeçiligindäki Tesla kompaniýasy Dojo superkompýuter taslamasy bilen meşgullanýan topary dargatdy. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, taslamanyň ýolbaşçysy Piter Bennon kompaniýadan gitmäge taýýarlanýar, onuň toparynyň azyndan 20 agzasy işden çykdy. Galan işgärler bolsa Tesla kompaniýasynyň beýleki taslamalaryna geçirildi.
Kompaniýa indi tehnologiýa hyzmatdaşlary — Nvidia, Advanced Micro Devices we Samsung Electronics bilen has işjeň hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär.
Dojo superkompýuteri Tesla tarapyndan awtopilot ulgamyny kämilleşdirmekde ulanylýan emeli aň modellerini taýýarlamak üçin döredilipdi. Bu tehnologiýa elektromobillerden gelýän uly möçberdäki maglumatlary we wideolary çalt işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýärdi.


01.04.2026 15:29
856

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.3k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...