Tesla-nyň satuwy 13% pese gaçdy, kompaniýa kyn döwri başdan geçirýär

  • 06.07.2025 15:41
  • 3.9k+

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde Tesla 384 122 awtomobil satdy, bu bir ýyl ozalkydan 13% azdyr. Kompaniýa yzygider ikinji çärýek satuwyň pese gaçmagy bilen ýüzbe-ýüz bolar. Ösüşe gaýdyp gelmek üçin, kompaniýa ýylyň ikinji ýarymynda tas 110 000 ulag artyk satmaly diýip, Bloomberg ýazýar.  

Muňa garamazdan, netijeler analitikleriň çaklamasyndan gowy boldy, olar 20% pese gaçyşa garaşypdy. Bu ýagdaýda Tesla-nyň paýnamalary Nýu-Ýorkda söwda açylmazdan öň 5,1% ýokarlandy. Ýöne maglumatlar maý aýynda Ilon Maskyň kompaniýanyň “pese gaçyşdan soň dikelendigi” baradaky aýdanlaryna ters gelýär.
Munuň bilen birlikde bäsdeşlik hem güýçlenýär: BYD we Xiaomi Hytaýda paýyny işjeň artdyrýar, General Motors bolsa ABŞ-da öz ornuny berkidýär. Täzelenen Model Y garaşylan netijäni bermedi, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda wada berlen täze elýeterli modeller bolsa çykmady. 
Bilermenler Tesla-nyň 2025-nji ýyly 1,65 mln satylan awtomobil bilen jemlemegine garaşýar, bu geçen ýylky 1,79 mln awtomobilden 8% azdyr. 
Mask maýadarlaryň ünsüni Ostindäki awtonom taksiniň beta-synagyna çekmäge synanyşýar – bu çärýekde paýnamalaryň bahasynyň 23% ýokarlanmagyna kömek etdi. Satuw pese gaçandan we öz egindeşi Omed Afşar gidenden soň, milliarder ABŞ-da we Ýewropada satuwy hem önümçiligi öz gözegçilik astyna aldy. Uly wise-prezident Tom Çžu Aziýa sebitiniň we global önümçilik prosesleriniň başlygy wezipesine bellendi.
Häzirlikçe Maskyň Tesla-nyň ýagdaýyny durnuklaşdyryp biljekdigi barada belli bir zat aýtmak kyn. Muny wagt görkezer.


düýn 18:36
2.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
1.9k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......