Audi we Volvo täze 2025-nji ýyl awtoulaglaryň hili boýunça düzülen reýtingde iň soňky orunlary eýelediler

  • 04.07.2025 19:03
  • 11k+

J.D. Power amerikan kompaniýasy tarapyndan geçirilen 2025-nji ýylyň täze awtoulaglarynyň hil derejesi boýunça barlag dürli awtoulag brendleriniň ygtybarlylygynda uly tapawutlaryň bardygyny ýüze çykardy. Pikir soraşma 92 694 sany adam gatnaşyp, olar ulaglaryny satyn alan pursadyndan başlap, ilkinji 90 gününiň dowamyndaky ýagdaýyna baha berdiler.

Bazaryň ortaça görkezijisi her 100 awtoulagda 192 näsazlyk boldy. Iň köp mesele ýüze çykan brendleriň hatarynda Audi bilen Volvo bar (degişlilikde, 269 we 258 näsazlyk). Şeýle-de Infiniti, Volkswagen we Mazda-nyň görkezijileri hem bularyňkydan sähelçe az boldy.
Iň ygtybarly brendler hökmünde Lexus (166 näsazlyk), Nissan (169), Hyundai (173) we Jaguar (175) görkezildi. Şeýle-de Chevrolet, Honda we Kia hem gowy netijeleri görkezdi.
Gözlegde elektromobillere aýratyn üns berildi. 2025-nji ýylyň doly elektrikli modellerinde ortaça her 100 awtoulagda 212 näsazlyk ýüze çykdy, bu bolsa plagin gibridlerine garanyňda (237 näsazlyk) has pesdir.
Tesla kompaniýasy ýagdaýyny gowulandyrdy: her 100 ulagda näsazlyk derejesi 200-e çenli peseldi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdireniňde 62 näsazlyk az diýmekdir.
J.D. Power gözlegiň çäginde Porsche 911 modelini iň az näsazlyk bilen tapawutlanan awtoulag hökmünde aýratyn belläp geçdi.
Bu maglumatlar täze ýeňil awtoulag satyn almak isleýän alyjylar üçin iň az mesele döredýän modelleri saýlap almaga kömek edip biler.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......