Tesla-nyň paýnamalary Maskyň kömegi bilen gymmatlap, 2025-nji ýyldaky ýitgileriniň öwezini doldy

  • 18.09.2025 09:52
  • 3.3k+

Duşenbe güni Tesla kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek, takmynan, 1 mlrd dollarlyk paýnama satyn alandan soň, kompaniýanyň paýnamalary sişenbe güni söwdada 8,7% gymmatlady. Günüň ahyryna çenli ösüş 7,4% boldy diýip, Yahoo Finance habar berýär.

Maýadarlar bu satyn alşy robotaksileri we adam şekilli robotlary ösdürmäge ünsi gönükdirýän kompaniýa bolan ynamyň alamaty hökmünde kabul etdi. Şonuň netijesinde Tesla-nyň kagyzlary aprel aýyndaky pese gaçyşdan doly dikeldi.
4-nji aprelde 221,86 dollar derejesinde iň pes ýyllyk görkezijä ýetileni bäri kompaniýanyň paýnamalary 85% ýokarlandy. Ösüşe robotaksileriň işe girizilmegi, Maskyň Waşingtondan gitmegi we ýurtda üçünji syýasy partiýany döretmek meýilnamasyny togtatmagy hem bellibir derejede ýardam etdi.
Şol bir wagtyň özünde kompaniýanyň bäsdeşi – Hytaýyň BYD elektromobil öndürijisi satuw paýy boýunça Tesla-ny gysyp çykardy. Mundan başga-da, ABŞ-da elektrokarlara salgyt ýeňillikleriniň hereket ediş möhletiniň tamamlanmagy maýadarlary alada goýýar.
Iýunda Tesla Tehas ştatynyň Ostin şäherinde sürüjisiz taksi hyzmatyny işe girizdi. Mask Optimus gumanoid robotlaryny-da kompaniýanyň geljekki ösüşiniň esasy hereketlendirijisi hasaplaýar. Onuň aýtmagyna görä, geljekde Tesla-nyň bahasynyň 80%-i gündelik işleri ýerine ýetirip biljek robotlaryň hasabyna emele geler.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......