Tesla her 1,5 minutda bir Model 3 satýar. Eýýäm 3 mln ulag satyldy

  • 21.07.2025 19:15
  • 6.9k+

Tesla täze sepgide ýetendigini habar berdi: ilkinji gezek hödürlenenden bäri 7 ýylyň dowamynda bütin dünýäde 3 mln Model 3 awtomobili satyldy. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, “ortaça her 1,5 minutda bir ulag satylýar” – diýip, Autohome ýazýar.

Bu waka mynasybetli kompaniýa Hytaýda 31-nji iýula çenli dowam etjek tomusky aksiýa başlady. Alyjylara 1100 dollar möçberinde ätiýaçlandyryş üçin arzanladyş hödürlenýär. Bu arzanladyşy hasaba alanyňda, yzky herekete getirijili esasy wersiýa alyjylara 31 320 dollara, geçýän menzili artdyrylan doly herekete getirijili wersiýa bolsa 38 190 dollara, Performance – 45 620 dollara düşer.
Şeýle-de, 11 000 dollar başlangyç tölegde we 339 dollar aýlyk tölegde göterimsiz goýum bilen bäşýyllyk kredit teklip edilýär.

Referal programma gatnaşyjylar kuzowyň üç reňkinden birini mugt saýlap biler – dür-ak, ýyldyz-gara ýa-da goýy gök. Kümüşsöw ýa-da gyzyl reňk üçin 550 dollar tölemeli bolar. Mundan başga-da, zarýad enjamlary üçin 179 dollardan başlaýan arzanladyşlar bar.
Model 3 bir ýa-da iki hereketlendirijili wersiýalarda elýeterli. Onuň bir zarýadda geçýän ýoly CLTC usuly boýunça 623 km-den 753 km çenlidir. Doly hereketlendirijili wersiýa 3,8 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyrýar.


düýn 18:36
2.8k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......