Tesla 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde “uçýan” Roadster ulagyny hödürlär

  • 11.11.2025 00:59
  • 4.4k+

Tesla ikinji nesil Roadster sport elektromobiliniň tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde geçiriljekdigini yglan etdi.

Ulagyň ilkinji maketi we göz öňünde tutulýan aýratynlyklary 2017-nji ýylda görkezilipdi, önümçilik bolsa 2020-nji ýyla meýilleşdirildi. Ýöne ençeme gezek yza süýşürilenden soň, täze Roadster-i indi geljek ýylyň ýazynda hödürlemek wada berilýär, yzygiderli önümçilik bolsa görkezilenden bir ýyldan soň diýen ýaly başlar. Ilon Mask bu barada Tesla-nyň paýdarlarynyň ýygnagynda habar berdi.
Milliarder awtomobiliň ozal görkezilenden düýpli tapawutlanjakdygyny aýdyp, käbir tehniki aýratynlyklaryň, şol sanda “uçýan” režimiň Tesla elektromobilleriniň ählisi üçin elýeterli däldigini belledi.
Şol bir wagtyň özünde, kompaniýanyň ýolbaşçysy 1-nji apreliň oňa “bu degişmedi” diýmäge we zerur bolsa tanyşdyrylyş darabasyny ýene yza süýşürmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy.
Mask öňünden 250 000 dollar möçberde töleg geçirenleriň görkezilişe ýörite çagyryljakdygyna wada berdi. Onuň aýtmagyna görä, Roadster-iň muşdaklary lapykeç bolup galmaz.
Bilermenler ilkinji anonsdan bäri sekiz ýylyň içinde bazarda 100 km/sag çenli tizligini bary-ýogy birnäçe sekuntda artdyrýan örän tiz elektrosportkarlary öndüriji bäsdeşleriň peýda bolandygyny belleýär. Bu hem ikinji nesil Roadster-iň häzirkizaman ülňülerine laýyk gelmegi üçin ulagyň tehniki aýratynlyklaryna gaýtadan seretmäge täsir eden bolmaly.


11.05.2026 16:03
1.3k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....

28.04.2026 23:00
6k+

Tesla-nyň Cybertruck pikaplarynyň esasy alyjysy Ilon Maskyň özi bolup çykdy

Ilon Maskyň eýeçiligindäki kompaniýalar, ilkinji nobatda bolsa SpaceX, Cybertruck elektrik pikaplarynyň esasy alyjylaryna öwrüldiler. Olar geçen ýylyň dördünji çärýeginde ABŞ-da hasaba alnan ähli Cybertruck......