Samsung Tesla bilen çip öndürmek barada 16,5 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy

  • 31.07.2025 13:41
  • 2.2k+

Samsung Electronics Tesla kompaniýasyndan 2033-nji ýylyň ahyryna çenli 16,5 mlrd dollarlyk çip üpjünçiligi barada uly şertnama aldy. Bu barada Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask habar berdi.

Maskyň aýtmagyna görä, Samsung-yň Tehasdaky täze zawody indiki nesil Tesla AI6 çiplerini öndürer.

“Samsung-yň Tehasdaky täze ägirt zawody indiki nesil Tesla AI6 çiplerini öndürmek bilen meşgullanar. Bu taslamanyň strategik ähmiýetine baha bermek kyn” – diýip, Mask X sosial ulgamynda ýazdy.
“Bu örän möhüm pursat bolup, ösüş depginini çaltlaşdyrmak üçin bu işe meniň hut özüm gatnaşaryn. Üstesine-de, zawod meniň öýümden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýär” – diýip, milliarder belledi.

Reuters gürrüňiň Samsung-yň Teýlor şäherindäki kärhanasy barada bolup biljekdigini belleýär. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi uly müşderileri çekmekde ýüze çykan kynçylyklar sebäpli gijikdirildi. Indi Tesla bilen şertnama ony işjeňleşdirmäge ýardam edip biler.
Häzirki wagtda Samsung kompaniýasy Full Self-Driving sürüjä kömek ulgamy üçin Tesla A14 çiplerini öndürýär. A15 çipleri bolsa TSMC kompaniýasy tarapyndan, ilki Taýwanda, soňra Arizonada çykarylar. Şonuň üçin amerikan awtoöndürijisi doly derejede Samsung-a garaşly bolmaz.
Bu habaryň esasynda Koreý biržasynda Samsung-yň paýnamalary 6,83% ýokarlanyp, geçen ýylyň sentýabryndan bäri iň ýokary derejesine ýetdi.


düýn 17:02
1.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......