2.7k+

iPhone Air-iň baş dizaýneri Apple-den gitdi

Senagat dizaýneri Abidur Çoudhuri Apple kompaniýasyndan gitdi. Ol kompaniýanyň iň soňky modelleriniň biri bolan iPhone Air-iň esasy işläp düzüjisi bolupdy diýip, 9to5mac çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Çoudhuri emeli aň tehnologiýalarynyň üstünde işleýän bir startapa (ýa-da başlangyja) işe girdi...

1.3k+

Nvidia işgär başyna 4,4 mln dollar, Netflix birneme az gazanýar

Nvidia, Netflix we Apple işgär başyna düşýän girdejiniň ululygy boýunça tehnologiýa kompaniýalarynyň arasynda öňdebaryjylar boldy. Şeýle statistikany OnDeck kompaniýasy hödürledi. Işgär başyna girdeji (RPE) kompaniýanyň işiniň netijeliliginiň giňden ýaýran görkezijisi bolup, işçi güýjüniň öndürijiligine baha bermek üçin ulanylýar...

4.8k+

iPhone Air 2 2027-nji ýylyň ýazyndan ir çykmaz

Apple kompaniýasy iPhone Air 2 smartfonyny 2027-nji ýylyň ýazynda çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berdi. Smartfon kompaniýanyň ultra inçe smartfonlarynyň hataryny dowam etdirer we Apple-iň ilkinji 2 nanometrlik platformasyna eýe bolar...

3.7k+

Apple we dizaýner Isseý Miýake adaty bolmadyk iPhone-lar üçin adaty bolmadyk daşlyk-haltajyk döretdiler

Apple ýapon dizaýneri Isseý Miýake bilen hyzmatdaşlykda iPhone üçin özboluşly, torly torbany ýatladýan iPhone Pocket daşlyk-haltajygyny çykardy. Aksessuaryň dizaýny modelýeriň “mata bölegi” (a piece of cloth) - dürli görnüşde göterip boljak ýönekeý, köp taraply we üýtgäp bilýän zat hakyndaky düşünjesinden ylhamlanýar...

2.1k+

Mask ahyrsoňy Apple we OpenAI bilen bagly işi kazyýete berdi

Apple we OpenAI Ilon Maskyň kompaniýalarynyň (X Corp we xAI) antimonopoliýa arzasyny ýatyryp bilmediler. ABŞ-nyň okrug kazysy Mark Pitman (Mark Pittman) bu baradaky haýyşlary kanagatlandyrmady. Kazynyň bu karary X Corp we xAI kompaniýalaryna Apple we OpenAI-ny "bäsdeşlige garşy dilleşmekde" we bäsdeşler üçin päsgelçilik döretmekde aýyplaýan kazyýet işini dowam etmäge mümkinçilik berdi...

2.8k+

Apple iPhone-da hemra aragatnaşygynyň mümkinçiliklerini giňeldýär

Apple kompaniýasy iPhone-da hemra aragatnaşygynyň mümkinçiliklerini giňeltmegiň üstünde işleýär. Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň aýtmagyna görä, kompaniýa hemralary gyssagly jaňlardan daşary hem ulanmaga mümkinçilik berjek birnäçe tehnologiýany öwrenýär...

1.1k+

Apple TV zastawkasyny täzeledi – onuň sazyny Finneas ýazdy

Amerikaly aýdymçy we kompozitor Finneas Apple TV akym platformasy üçin täze gysga saz zastawkasyny ýazdy. Indi bu intro hyzmatdaky ähli film we seriallaryň öňünde peýda bolýar diýip, Deadline gürrüň berýär. Finneas bu taslama gatnaşmagyň özi üçin uly hormat bolandygyny aýtdy: «Men bu işi etmek mümkinçiligine örän begenýärin...

1.9k+

Apple Google-nyň Gemini emeli aňyny ulanmak üçin ýylda 1 milliard dollar tölär

Apple özüne degişli Apple Intelligence platformasynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin Google Gemini emeli aňynyň ýöriteleşdirilen görnüşini ulanmagy meýilleşdirýär. Bloomberg žurnalisti Mark Gurmanyň maglumatlaryna görä, Apple bu tehnologiýa elýeterlilik üçin Google-a ýylda takmynan 1 milliard dollar tölär...

1.8k+

Bloomberg: Apple iPhone-nyň prosessory oturdylan arzan bahaly MacBook taýýarlaýar

Apple kompaniýasy arzan bahaly MacBook çykarmagyň üstünde işleýär. Bu barada Bloomberg neşiri çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Täze noutbuk web sahypalaryny görkezmek, resminamalar bilen işlemek, multimedia faýllaryny ýeňil redaktirlemek ýaly ýokary güýç talap etmeýän gündelik işler üçin niýetlenýär...

1.8k+

Microsoft Copilot+ PC satuwyny ýokarlandyrmaga synanyşdy, ýöne tersine Apple Mac-e bolan isleg artdy

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Windows 10 ulgamynyň resmi taýdan goldawy bes edilenden soň, ulanyjylaryň aglabasy kompýuterlerini täzelemäge karar berdiler. Şeýle-de bolsa, Microsoft täze EA ugry boýunça işleýän Copilot+ noutbuklaryny işjeň mahabatlandyran hem bolsa, ulanyjylaryň ählisi şol tarapa geçmedi — olar tersine, Apple Mac kompýuterlerini saýladylar...

1.7k+

Nvidia bazar bahasy 5 trln dollardan geçen dünýäde ilkinji kompaniýa boldy

Amerikan grafiki prosessor işläp düzüjisi Nvidia-nyň bazar bahasy bäş trillion dollardan geçdi. Netijede, ol taryhda şeýle kapitalizasiýa ýeten ilkinji kompaniýa boldy. 29-njy oktýabrda NASDAQ biržasynda söwdanyň açylyşynda Nvidia-nyň paýnamalary tas 5%, bir paý üçin 210 dollara çenli ýokarlandy, bu hem kompaniýa kapitalizasiýa boýunça rekord derejä ýetmäge mümkinçilik berdi...

2.7k+

Hytaýyň smartfon bazary 3% peseldi, birinji orny Vivo eýeledi

Hytaýyň smartfon bazary 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3% peseldi diýip, Omdia portalynyň analitikleri habar berýär. Şeýle-de bolsa, öňdebaryjy öndürijileriň arasyndaky bäsdeşlik güýçli bolup galýar we üpjünçilik möçberlerindäki tapawut kem-kemden azalýar...

2k+

Ilkinji eplenýän iPad 2029-njy ýyldan ir çykmaz

Apple-iň eplenýän displeýli ilkinji planşeti 2029-njy ýyldan ir çykmaz diýip, Bloomberg habar berýär. Ilkibaşda kompaniýa ony 2028-nji ýylda hödürlemegi meýilleşdiripdi, ýöne taslama tehniki kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy...

940

Apple sensor ekranly MacBook Pro taýýarlaýar

Apple amerikan kompaniýasy 2026-njy ýylyň ahyrynda ýa-da 2027-nji ýylyň başynda ilkinji sensor displeýli MacBook Pro noutbugyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg habar berýär...

7.8k+

Tim Kuk baryp gaýdandan soň Hytaýda iPhone Air birnäçe minutda satyldy

Hytaýda iPhone Air smartfonlarynyň ilkinji toplumy deslapky satuw başlandan soň bary-ýogy birnäçe minutda satyldy. Diňe eSIM-i (smartfonyň içinde oturdylan we fiziki plastik kartyň ornuny tutýan sanly SIM karty) goldaýan smartfona, Android modelleri bilen güýçli bäsdeşlige garamazdan, alyjylar tarapyndan isleg ýokary bolup çykdy...

5.3k+

ABŞ-nyň Zikgehanasy Stiw Jobsly bir dollarlyk teňňäniň dizaýnyny görkezdi

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple-iň egindeş esaslandyryjysy we öňki baş direktory Stiw Jobsa bagyşlanan bir dollarlyk teňňäniň dizaýnyny hödürledi. Teňňede Kaliforniýanyň baýyrlarynda özi üçin adaty bolan obrazda – wodolazkada, jinsde we krossowkada aýbogdaşyny gurup oturan ýaş Jobs şekillendirilýär...

1.4k+

Apple täze M5 prosessorly 14 dýuýmlyk MacBook Pro noutbugyny hödürledi

Apple täze M5 prosessorynda işleýän 14 dýuýmlyk MacBook Pro noutbugyny hödürledi. Kompaniýa ony “Mac üçin emeli aňy ösdürmekde indiki uly ädim” diýip atlandyrýar. Enjamyň EA meselelerinde öndürijiligi öňki M4-li model bilen deňeşdirilende 3,5 esse ýokarlandy...

1.1k+

Apple täze çip bilen iPad Pro planşetini çykardy

Apple täze nesil iPad Pro planşetini hödürledi. Esasy täzelik kompaniýanyň öz M5 prosessoryna geçmegi boldy. Täze M5 çibi 10 ýadro bilen üpjün edildi – olardan dördüsi öndürijilige jogap berýär, altysy energiýa tygşytlaýjy ýadrodyr...

2.6k+

Bloomberg Apple-de Tim Kukuň ornuna geçip biljek adamy aýtdy

Apple soňky on ýylda ýolbaşçylarynyň durnukly düzümini saklady, ýöne häzir kompaniýa top-menejmentde uly üýtgeşmelere taýýarlanýar diýip, Bloomberg habar berýär. Ozal Tim Kukuň ýerini eýeläp biler diýlip hasaplanan baş operasion müdir Jeff Uilýams kompaniýany terk etdi...

2.9k+

Apple iPhone 11 Pro Max-y we Watch Series 3-i könelişen gurluşlaryň sanawyna goşdy

Apple iPhone 11 Pro Max-y we Watch Series 3 akylly sagady goşmak bilen, wintaž enjamlarynyň sanawyny giňeltdi. Şeýle-de bolsa, iPhone 11 Pro entek bu sanawa goşulmady, munuň sebäbi  Apple-iň bu model bilen üçünji tarapyň satyjylaryny, beýleki enjamlara garanyňda, has uzak wagtlap üpjün etmegi bilen baglanyşyklydyr...

3.3k+

Geljekki eplenýän iPhone barada täze maglumatlar belli boldy

Ilkinji eplenýän iPhone Apple-iň 2026-njy ýylda hödürlemegi meýilleşdirýän iPhone 18 hatarynda esasy smartfon bolar. Bu barada Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, daşky görnüşi boýunça smartfon goşa iPhone Air-i ýada salar – inçe model ýaly ol hem titan korpusa eýe bolar we açylan görnüşde iň az ýogynlygy saklar...