AirTag arkaly yzarlanan 30-dan gowrak kişi Apple garşy arza ýazdylar

  • 22.05.2026 15:11
  • 2.3k+

Apple-niň üstünden AirTag trekerleri arkaly yzarlanandyklaryny aýdýan ulanyjylaryň 30-dan gowragy şikaýat etdi diýip, MacRumors neşiri habar berýär.

Arzaçylar kompaniýanyň bu enjamyň jenaýatçylar tarapyndan peýdalanyp bilinjekdigini belli bolsa-da, ony satuwa çykarmakda aýyplaýarlar. Olaryň pikiriçe, 2021-nji ýylda satuwa çykan AirTag-yň gorag gurallary hyýanatçylykly ulanyşlardan doly derejede goramaga ukypsyzdyr.

Maglumatlara görä, 2021-nji ýylyň aprelinden 2024-nji ýylyň apreline çenli kompaniýa yzarlanmak bilen bagly 40 müňden gowrak şikaýat gelip gowşupdyr.

AirTag enjamlary «Find My» toruny ulanyp, ýakyndaky beýleki Apple enjamlary arkaly öz ýerleşýän ýerini eýesine bildirýär. Kazyýetiň maglumatlarynda bu elýeterliligiň käbir ýagdaýlarda zorluga çenli alyp barandygy-da agzalýar.

Apple näbelli enjamlar barada habar beriş ulgamyny girizse-de, duýduryşlaryň 4 sagatdan 8 sagada çenli (öňler 72 sagada çenli) gijikme bilen gelýändigi üçin arzaçylar ondan peýdalanyp bilmändirler.  

AirTag-yň sesli duýdurşyny aýrybam bolýar. Hatda internet dükanlarynda enjamyň ses çykaryjy dinamigi aýrylan, ýörite üýtgedilen sessiz görnüşleri hem satylýar.

Şikaýatçylaryň her biri öz başyndan geçiren wakasyny kazyýetdäki maglumatlara goşdy. Olar Apple-dan çekilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny, jerime tölegleriniň tölenmegini we beýleki bikanun tejribeleriň bes edilmegini talap edýärler.


09.06.2026 23:04
2.5k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.6k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 17:00
3.1k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....