Apple millionlarça gezek ýüklenen «Freecash» atly galp programmany App Store-dan öçürdi

  • 21.04.2026 11:18
  • 2k+

Apple korporasiýasy ulanyjylary aldawa salan we birnäçe aýlap şahsy maglumatlary giň gerimde ýygnan «Freecash» hyzmatyny öz programma dükanyndan aýyrdy.

Bu programma 2026-njy ýylyň başynda TikTok-daky agressiw mahabatlary arkaly meşhurlyk gazanyp, ulanyjylara diňe wideo görmek arkaly sagatda 35 dollara çenli pul tölemegi wada beripdi. Emma ulanyjylar wada edilen gazanjyň deregine, dürli mobil oýunlary gurnamak we olaryň içinde satyn almalary amala aşyrmak baradaky iriziji teklipler bilen ýüzbe-ýüz boldular.

MalwareBytes gullugynyň berýän maglumatyna görä, Freecash programmasy iPhone eýeleriniň jynsy, dini, saglyk ýagdaýy we biometrik maglumatlary ýaly örän köp sanly şahsy maglumatlaryny ýygnapdyr. Bu programma barada eýýäm ýanwar aýynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde duýduryş berlendigine garamazdan, ol TechCrunch resursynyň işe gatyşmagyna çenli App Store-da elýeterli bolup galdy. 

Apple kompaniýasy Freecash-yň meýdançanyň düzgünlerini, hususan-da galplyk we ýalan marketing gadagandygyny bozandygyny tassyklady.

Diňe 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň içinde bu programmany iOS we Android platformalarynda 5,5 milliondan gowrak ulanyjy ýükläp ýetişdi.


09.06.2026 23:04
3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....