Samsung smartfonlaryny bejertmek iPhone bilen deňeşdirilende 60% gymmat düşýär

  • 05.05.2026 18:31
  • 3.7k+

Samsung smartfonlaryny bejertmek, hatda resmi ätiýaçlandyryş bar bolan ýagdaýynda-da, iPhone-y bejerdeniňden ortaça 60% gymmada düşýär. Bu barada Insuranceopedia tarapyndan geçirilen gözlegde aýdylýar.

Hasabatyň maglumatlaryna görä, Samsung Care+ meýilnamasyny resmileşdiren Samsung ulanyjylary abatlaýyş işleri üçin 100 dollardan 120 dollara çenli töleýär. AppleCare+ ýazylyşygy bolan iPhone eýeleri bolsa ortaça 75 dollar töweregi çykdajy edýär.

Bu tapawut nyrhlaryň emele geliş ulgamy bilen baglanyşyklydyr. Apple kompaniýasynda kesgitlenen nyrh ulgamy hereket edýär: esasy hyzmatlaryň bahasy öňünden mälim. Samsung-da bolsa baha enjamyň modeline, ýeten zeperiň görnüşine we çylşyrymlylygyna baglydyr, şonuň üçin hem jemleýji baha ep-esli üýtgäp bilýär.

Enjamlaryň hem özboluşly aýratynlyklary goşmaça faktor hökmünde galýar. Samsung-yň hatarynda çylşyrymly modeller, mysal üçin, Galaxy Z Fold seriýasynyň eplenýän smartfonlary bar. Olary bejertmek gymmat bahaly şaýlary we ýöriteleşdirilen enjamlary talap edýär. Apple-de häzirlikçe eplenýän modeller ýok, bu bolsa hyzmat edişiň ortaça bahasynyň has pes bolmagyna uly täsir edýär.

Gözlegiň awtorlarynyň bellemegine görä, bu maglumatlar ortaça görkezijilerdir. Abatlaýyş işleriniň gutarnykly bahasy sebite, hyzmat merkezleriniň elýeterliligine we original ätiýaçlyk şaýlarynyň üpjünçiligine baglylykda üýtgäp biler. Emma umumy ýörelge üýtgemeýär: enjam näçe çylşyrymly bolsa, ony bejertmek hem şonça gymmat düşýär.


15.06.2026 07:51
2.1k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

09.06.2026 23:04
3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......