Google Apple bilen hyzmatdaşlygyny tassyklady: Gemini täze Siri-niň özenini düzer

  • 04.05.2026 11:09
  • 1.1k+

Google kompaniýasy Apple bilen hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyny tassyklady. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde Gemini tehnologiýalary Apple Intelligence-iň geljekki funksiýalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Siri-niň täzelenen wersiýasynyň işini üpjün etmek üçin ulanylar.

Bu hyzmatdaşlyk barada Google Cloud-yň ýolbaşçysy Tomas Kurian Las-Wegasda geçirilen «Google Cloud Next 2026» maslahatynda gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, Google täze nesil modellerini işläp düzmekde Apple üçin iň amatly bulut prowaýderi hökmünde çykyş edýär.

Bu modelleriň Siri-niň has personallaşdyrylan wersiýasynyň esasyny düzjekdigi bellenilýär. Täze Siri-ni 2026-njy ýylda işe girizilmek meýilleşdirilýär.

Mundan ozal Apple täzelenen Siri-niň çykarylyşyny yza süýşürýändigi barada habar beripdi. 2025-nji ýylyň martynda kompaniýa bu funksiýanyň «geljek ýylda» peýda boljakdygyny aýdypdy, soňra bolsa onuň 2026-njy ýylda çykaryljakdygyny takyklady. 2026-njy ýylyň fewralynda bolsa Apple bu meýilnamalaryň güýjünde galýandygyny ýene bir gezek tassyklady.

Siri — Apple kompaniýasynyň iOS, macOS, watchOS we tvOS ulgamlaryna gurlan sesli kömekçisidir. Ol dürli wezipeleri sesli buýruklar arkaly ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär, emma soňky ýyllarda öz funksionallygy boýunça bäsdeşlerinden yza galyp gelýärdi. Täze emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen bu ýagdaýyň düýpli üýtgemegine garaşylýar.


17.06.2026 07:37
3k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

09.06.2026 23:04
3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

05.06.2026 19:21
6.1k+

EA agentleri wirtual Nýu-Ýorkda «ýaşap gördi»: olar özüni nähili alyp barandyr öýdýäňiz?

Emergence AI startap kompaniýasy belli emeli aň modellerini 15 günüň dowamynda Nýu-Ýorkuň wirtual nusgasyna ýerleşdirip, täsin bir tejribe geçirdi. Hünärmenler adam gözegçiligi bolmadyk ýagdaýynda emeli aň......