Tim Kuk Apple-iň ýolbaşçysy wezipesinden gider. Onuň ornuny Jon Ternus eýelär

  • 21.04.2026 14:43
  • 3.8k+

Apple kompaniýasy baş direktoryň çalşylýandygyny yglan etdi: 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, kompaniýanyň ýolbaşçysy wezipesine Jon Ternus geçer. Soňky 15 ýylyň dowamynda Apple-e ýolbaşçylyk eden Tim Kuk bolsa ýerine ýetiriji başlyk wezipesini eýelär.

«Apple-iň baş direktory bolmak we şular ýaly ajaýyp kompaniýanyň ýolbaşçysy hökmünde maňa bildirilýän ynamdan peýdalanmak meniň durmuşymdaky iň uly mertebedir» – diýip, 65 ýaşly Kuk belledi.

Jon Ternus häzirki wagtda enjam üpjünçiligi boýunça uly wise-prezident wezipesini eýeleýär. Ol 2001-nji ýyldan bäri Apple-de işleýär we Mac, iPad hem-de AirPods bilen baglanyşykly esasy taslamalara gözegçilik etdi.

Kompaniýa ýolbaşçylaryň çalşylmagy baradaky habary 20-nji aprelde, gazna bazaryndaky söwdalar ýapylandan soň mälim etdi. Biržadan daşary söwdalaryň dowamynda Apple-iň paýnamalary birneme peseldi. Bu peselme kompaniýanyň biznesine berilýän bahanyň üýtgemegi bilen däl-de, habaryň garaşylmadyk wagtda yglan edilmegi bilen baglanyşdyrylýar we bu mejbury çäreler däl-de, ýolbaşçylygyň meýilleşdirilen tertipde geçirilmegidir.

Paýnamalaryň gysga möhletleýin üýtgemeleri maýadarlaryň täzelige bolan reaksiýasy bilen hem düşündirilýär. Şeýle-de bolsa, paýnama bahalary tiz wagtda durnuklaşdy.

Mundan ozal Financial Times neşiri Apple-iň täze ýolbaşçysyny 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda yglan edip biljekdigini habar beripdi. Neşiriň maglumatyna görä, bu täze ýolbaşça ýylyň esasy wakalaryna — iýundaky işläp düzüjileriň maslahatyna we sentýabrda täze iPhone-laryň tanyşdyrylyşyna öňünden taýýarlanmaga mümkinçilik berer.

Tim Kuk Apple-de 1998-nji ýyldan bäri işleýär we 2011-nji ýylyň awgustynda Stiw Jobsuň ornuna geçip, kompaniýa ýolbaşçylyk edip başlady. Bu döwürde Apple-iň bazar gymmaty, takmynan, 350 milliard dollardan 2026-njy ýylyň 20-nji aprelindäki ýagdaýa görä 4 trillion dollardan gowrak möçbere çenli ýokarlandy.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....