2.8k+

Aşgabatda Iogann Sebastýan Bahyň 340 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler

15-nji noýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda meşhur nemes kompozitory Iogann Sebastýan Bahyň 340 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler. Konsert maksatnamasynda belli türkmen aýdymçylarynyň we sazandalarynyň, şol sanda Leýli Ökdürowanyň hem-de Gülnar Nuryýewanyň çykyşlary göz öňünde tutulýar...

7.5k+

Gadymy maýýa ybadathanasy Älemiň modeli bolup çykdy

Arheologlar 2020-nji ýylda Meksika bilen Gwatemalanyň serhetinde tapylan Aguada-Feniks maýýa ybadathanasynyň, hakykatda, ägirt “kosmogrammadygyny” – gadymy maýýalaryň Älemi göz öňüne getirişiniň modelidigini anyklady diýip, Live Science habar berýär...

3k+

Karlos Alkaras ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň reýtinginde ýene birinji orny eýeledi. Reýtingiň täzelenen görnüşi guramanyň saýtynda ýerleşdirildi. Turinde ATP ýaryşy başlamazdan öň oýunçylardan geçen ýylky çykyşlary üçin utuklar aýryldy...

7.4k+

Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

11-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy...

8.8k+

Türkmenistanda howa +20 gradusa çenli maýlar

Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanda maýyl howa bolar. Ýakyn günlerde ýagyn bolmaz diýlip çaklanylýar. Gündizlerine howanyň temperaturasy +20 gradusa çenli maýyl bolar. Aşgabatda az bulutly howa bolup, howa gündizlerine +18...

5.6k+

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we Arkadag şäherinde saglygyny dikeldýän çagalara ýörite sowgatlar gowşuryldy

Türkmenistanda giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara hem-de Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan süýjüliklerdir ýörite sowgatlar gowşuryldy...

6.8k+

Messi futbol taryhynda ilkinji bolup 400 assiste ýetdi

Lionel Messi taryhda 400 assist eden ilkinji futbolçy boldy. “Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi bu görkezijä ABŞ-nyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) pleý-offunyň 1/8 finalynyň “Neşwille” garşy üçünji oýnunda ýetdi...

5.7k+

Arheologlar Keniýada 2,7 million ýyl ozal ýasalan «şweýsar pyçaklaryny» tapdylar

Arheologlar Keniýadaky Turkana basseýniniň töwereginde takmynan 2,75–2,44 million ýyl öňe degişli daş gurallary tapdylar. Bu gadymy gurallar olduwaý medeniýetine degişli bolup, irki adamlaryň häzirkizaman «şweýsar pyçaklary» ýaly köp funksiýaly ulanyş gurallary hökmünde hyzmat edipdir diýip, ScienceDaily ýazýar...

1.5k+

Lando Norris Braziliýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

“Maklaren” toparyndan britaniýaly Lando Norris “Formula-1” çempionatynyň 21-nji tapgyry bolan Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş San-Pauludaky “Interlagos” awtodromynda geçirildi.   Norris 1:32:01.596 netijäni görkezip, karýerasynda 11-nji we yzygider ikinji ýeňşini gazandy...

2.1k+

Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Hamid Ganbariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşyk iki ýurduň daşary syaýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň dialogyň dowamy boldy...

9.6k+

Dünýäde adam başyna tüwi iň köp sarp edilýän ýurtlaryň ady belli boldy

Tüwi köp ýurtlaryň milli naharlarynda esasy orun eýeleýär. WorldStats-yň maglumatlaryna görä, adam başyna tüwi sarp edilişinde Mýanma ilkinji ýerde durýar — bir adam ortaça ýylda 278,97 kilogram tüwi iýýär. Mýanmanyň yzyndan Komor adalary (274,51 kg), Gambiýa (256,4 kg), Kamboja (247,54 kg) we Bangladeş (246,85 kg) gelýär...

1.2k+

Apple TV zastawkasyny täzeledi – onuň sazyny Finneas ýazdy

Amerikaly aýdymçy we kompozitor Finneas Apple TV akym platformasy üçin täze gysga saz zastawkasyny ýazdy. Indi bu intro hyzmatdaky ähli film we seriallaryň öňünde peýda bolýar diýip, Deadline gürrüň berýär. Finneas bu taslama gatnaşmagyň özi üçin uly hormat bolandygyny aýtdy: «Men bu işi etmek mümkinçiligine örän begenýärin...

4.7k+

Bişkekde geçirilen dünýä çempionatynda türkmen samboçylary 8 medal gazandy

7–9-njy noýabr aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde sambo boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşa 80 ýurtdan 700-den gowrak türgen gatnaşdy. Sport sambosy, söweş sambosy we görüş ukyby çäkli türgenler üçin ýörite ugur boýunça jemi 31 sany medallar toplumy ugrunda bäsleşildi...