Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

  • 04.05.2026 20:02
  • 4.4k+

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik krossoweri bolmagyna garaşylýar.

Deslapky maglumatlara görä, model TZ indeksini alar. Awtoulagyň uzynlygy bäş metrden geçer, salonynda bolsa üç hatar oturgyç ýerleşer. Iň ýokary komplektasiýada bu oturgyçlar alty sany aýry-aýry ýer hökmünde hem gurnalyp bilner. 2023-nji ýylda kompaniýanyň TZ 450e we TZ 550e haryt nyşanlaryny hasaba almagy, bu modeliň doly elektrik güýç ulgamlary bilen üpjün ediljekdigine gönüden-göni yşarat edýär.

Täze modeliň tehniki häsiýetnamalarynyň täze Highlander-iň parametrlerine meňzeş bolmagy ähtimal: öňi çekiji wersiýasy 221 at güýji; doly çekiji (iki motorly) nusgasy: 338 at güýji.

Bu platformadaky elektrik awtoulaglarynyň bir gezekki zarýad bilen geçýän ýoly 435-den 515 kilometre çenli üýtgeýär.

Toyota we Subaru (Getaway modeli) bilen umumy platformada gurlan hem bolsa, Lexus TZ markanyň özüne mahsus stilindäki özboluşly daşky dizaýny bilen tapawutlanar. Mundan ozal prototip modelleriniň ýoldaky synaglary wagtynda düşürilen "içaly" suratlary peýda bolupdy.


düýn 12:20
2.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.4k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.6k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......