«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

  • 04.05.2026 12:23
  • 7.9k+

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady.

Tutluşyk tutuş 12 raundlap dowam etdi. Söweşiň netijesi boýunça eminler biragyzdan ýeňşi Inouä berdi. Bu onuň üçin häzirki agram derejesinde absolýut çempionlyk adyny eýýäm ýedinji gezek üstünlikli goramagydyr.

33 ýaşly Inoue Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) çempionlyk guşaklaryna eýelik edýär. Ol professional ringde 33 ýeňiş gazanyp, ýeke gezek hem ýeňilmedi.

28 ýaşly Nakatani üçin bolsa bu ýeňliş karýerasynda ilkinji boldy. Mundan ozal onuň hasabynda 32 ýeňiş bardy.

Ýatlap geçsek, Inoue mundan ozal ýeňil agramda (53,52 kg çenli) hem dünýäniň absolýut çempiony bolupdy. Şeýle hem, ol birinji iň ýeňil agramda (48,99 kg çenli) we ikinji iň ýeňil agramda (52,16 kg çenli) çempionlyk adyny alypdy.


15.06.2026 15:36
3.3k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....