Toyota “Crown” awtomobilleriniň oturgyçlarynyň nusgasyndaky kompýuter kreslosyny çykarar

  • 04.05.2026 11:27
  • 3.8k+

Toyota kompaniýasy Crown awtomobilleriniň oturgyçlarynyň esasynda döredilen täze kompýuter kreslosyny tanyşdyrdy.

Täze önüm awtomobil oturgyçlaryna mahsus bolan esasy funksiýalary özünde saklap galdy. Kreslo arka tarapynyň gyşaryşyny üýtgedýän elektropriwod, beýikligi sazlaýjy, ýassygyň ýagdaýyny üýtgediji we bil goldawy bilen enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle hem, onda wentilýasiýa we gyzdyryş ulgamlary göz öňünde tutulypdyr.

Kreslonyň ýene bir özboluşly aýratynlygy — howpsuzlyk kemeriniň birikmesi bolup, oňa enjamlary zarýadlandyrmak üçin USB-port birleşdirilipdir. Muňa garamazdan, kompaniýa akkumulýatoryň häsiýetnamalary we onuň zarýadynyň näçe wagta ýetýändigi barada maglumat bermedi.

Kreslonyň taslamasyny brendiň awtomobilleriniň interýeri üçin jogap berýän Toyota Boshoku kompaniýasy işläp düzdi. Inženerler täze dizaýn döretmegiň ýerine eýýäm bar bolan çözgüdi ulanyp: «Bu oturgyç onsuz hem ýeterlik derejede kämil» diýen netijä geldiler.

Täze önümiň Ýaponiýadaky bahasy 495 müň ýena (takmynan 3100 dollar) möçberindedir. Kreslonyň diňe çäkli mukdarda — jemi 70 sanysynyň çykarylmagy meýilleşdirilýär.


düýn 12:20
2.6k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......