Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

  • 04.05.2026 12:44
  • 6.7k+

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp bolmaz.

Ahal welaýaty: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12...+17°С-dan +17...+22°С aralygynda maýyl, gündizlerine +23...+28°С maýyldan +34...+39°С aralygynda yssy bolar.

Balkan welaýaty: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11...+16°С-dan +16...+21°С aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+37°С yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +21...+26°С maýyl bolar.

Daşoguz welaýaty: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10...+15°С-dan +16...+21°С aralygynda maýyl, gündizlerine +22...+27°С-dan +31...+36°С aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýaty: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11...+16°С-dan +18...+23°С aralygynda maýyl, gündizlerine +25...+30°С maýyldan +34...+39°С aralygynda yssy bolar.

Mary welaýaty: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11...+16°С-dan +17...+22°С aralygynda maýyl, gündizlerine +24...+29°С maýyldan +34...+39°С aralygynda yssy bolar.

Aşgabat: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14...+16°С-dan +19...+21°С aralygynda maýyl, gündizlerine +24...+26°С maýyldan+35...+37°С aralygynda yssy bolar.


22.06.2026 14:18
7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

08.06.2026 15:19
7.1k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 11:42
8.5k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

11.05.2026 09:43
11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....