«Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine uçarman hünäri boýunça 4 ýyllyk okuwlara bäsleşik esasynda kabul edişlik yglan edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Okuwa umumy orta bilimden pes bolmadyk bilimli, harby şahadatnamasy bolan, saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabat Halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň uçarmanlara bildirilýän (ICAO-nyň) talaplaryna laýyk gelýän, ýaşy 25-den geçmedik Türkmenistanyň raýaty bolan oglanlar kabul edilýär.
Kabul edişlik giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda amala aşyrylýar.
Okuw «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen başlangyç söhbetdeşlikden, Türkiýe Respublikasynyň uniwersitetiniň wekilleri bilen söhbetdeşlikden we synagdan, şeýle hem Ankara şäherinde lukmançylyk barlagyndan geçilenden soň başlanýar.
Dalaşgärler ýokarda agzalan Lukmançylyk merkezinde barlagdan geçenden soň, 15 günüň dowamynda bellenen nusgadaky saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamany tabşyrmaga borçludyr.
Resminamalar şu ýylyň 30-njy iýunyna çenli Aşgabat şäherinde kabul edilýär.
Gerekli resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenen nusgadaky sowalnama (anketa);
- pasport (asyl we göçürme nusgasy);
- harby şahadatnamasy (asyl we göçürme nusgasy);
- umumy orta ýa-da orta-hünär bilim barada resminama (asyl we göçürme nusgasy);
- narkologik we psihonewrologik dispanserlerden güwähat;
- Aşgabat şäheriniň halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkezi tarapyndan berlen bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- soňky okan ýa-da işlän ýerinden (ýa-da harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 sm ölçegde 8 sany fotosurat;
- zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi (bar bolsa).
Dalaşgär nädogry maglumatlary ýa-da galp resminamalary tabşyrandygy üçin şahsy jogapkärçilik çekýär.
Iňlis dili, matematika we fizika dersleri boýunça synaglar 1-nji iýuldan 15-nji iýul aralygynda «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçiriler.
Synaglardan geçen dalaşgärler bilen üçtaraplaýyn şertnama baglaşylýar. Şertnama laýyklykda, talyp okuwyny tamamlandan soň, awiakompaniýada hünäri boýunça 10 ýyl işlemäge borçlanýar. Okuw çykdajylaryny (nazaryýet we uçuş-türgenleşik), umumy ýaşaýyş jaýy üçin tölegleri, okuw ýylynyň başynda Ankara gitmek we okuwy tamamlandan soň Aşgabada dolanmak üçin çykdajylary awiakompaniýa töleýär, galan beýleki çykdajylar dalaşgäriň hasabynadyr.
Resminamalar şu salgyda kabul edilýär: Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi, «Türkmenistan» awiakompaniýasy. Telefon belgiler: 23-47-88, (+99365) 72-58-43.