Kiwi guşlary bir asyr gowrak wagtdan soň Wellingtona dolanýarlar

  • 04.05.2026 12:48
  • 3.9k+

Täze Zelandiýanyň paýtagty Wellingtonda bir asyrdan gowrak wagt mundan ozal by ýerlerden ýitirim bolan kiwi guşlaryny yzyna getirmek boýunça uly maksatnama amala aşyrylýar. Bu taslamanyň çäginde sebitiň tebigy gurşawyna eýýäm 250-nji guş goýberildi.

Guşlar tebigata goýberilmezinden öň, parlament binasynyň dabaraly zalynda görkezildi. Ol ýerde deputatlar we mekdep okuwçylary seýrek guşlary ýakyndan synlamaga mümkinçilik tapdylar.

Kiwileri ýyrtyjy haýwanlardan goramak üçin 24 müň gektar meýdanda 5 müňden gowrak duzak gurnaldy. Şonuň netijesinde, kiçijek jüýjeleriň diri galmak mümkinçiligi 90%-e çenli ýokarlandy.

Taslamany esaslandyryjy Pol Worduň aýtmagyna görä, kiwiler Täze Zelandiýanyň milli nyşanydyr we olaryň paýtagtyň töwereginden ýitip gitmegi örän ýakymsyz hadysadyr.

Öňler Täze Zelandiýada 12 milliona golaý kiwi ýaşan bolsa, häzir olar azalyp, bary-ýogy 70 müňe ýetdi.

Täze taslama ýurtdaky ýyrtyjy haýwanlary 2050-nji ýyla çenli doly ýok etmek baradaky milli strategiýanyň bir bölegidir. Bu başlangyç arkaly Wellingtonyň düz baýyrlary ýene-de öz asyl eýeleri bolan uçmaýan kiwi guşlaryna gowuşdy.


20.06.2026 20:25
10k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

13.06.2026 08:06
2.3k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

11.06.2026 12:12
8.5k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

10.06.2026 11:13
9.4k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......