Bloger paraşýutly böküp, erkin gaçyş pursatynda Rubigiň kubigini ýygnady

  • 04.05.2026 11:21
  • 3.3k+

23 ýaşly nemes blogeri Tom Kopke paraşýutly böken wagty Rubigiň kubigini ýygnamak boýunça dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Kopke Rubigiň kubigini ilkinji gezek 18 ýaşynda ýygnamagy öwrendi we şondan bäri öz tizligini artdyrmak üçin yzygiderli türgenleşdi.

«Men hatda Rubigiň kubigi bilen bagly birnäçe kyn meseleleri çözjek bolýandygym barada wideo hem düşüripdim we günleriň birinde ony paraşýutly böküp ýygnajakdygymy aýdypdym» – diýip, ol gürrüň berýär.

Bloger paraşýut sporty bilen rekord goýmazdan diňe birnäçe hepde öň meşgullanyp başlapdyr. Böküş pursatynda oňa güýçli howa akymy we kubigi elinden gaçyrmak gorkusy päsgel berdi.

Bu böküş fewral aýynda boldy. Sagatda 160 kilometrden hem uly tizlik bilen erkin gaçyş pursatynda Kopke kubigi 23,33 sekuntda ýygnamagy başardy. Bu görkeziji 2023-nji ýyldaky öňki rekorddan (28,25 sekunt) tiz boldy.

Blogeriň aýtmagyna görä, ol bu netijä birbada ynanmady we şol 23 sekunt oňa tutuş bir ebedilik ýaly göründi. Ol geljekde öz görkezijisini has hem gowulandyrmagy meýilleşdirýär.


düýn 09:29
3.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....