«Portu» möhletinden ir Portugaliýanyň çempiony boldy. Eýýäm 31-nji gezek

  • 04.05.2026 10:31
  • 2.9k+

«Portu» futbol topary Portugaliýanyň çempionatynda ýeňiş gazanmagyny möhletinden ir üpjün etdi.

Şenbe güni «Portu» öz meýdançasynda Portugaliýanyň çempionatynyň 32-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Alwerka» toparyny utdy. Oýnuň 40-njy minutynda ýeke-täk goly Ýan Bednarek girizdi (1:0).

«Portu» çempionatda yzygider dördünji ýeňşini gazanyp, 85 utuk toplady we ýaryşyň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda Portugaliýanyň çempiony diýen ady üpjün etdi. Topar 2021/22 möwsüminden bäri ilkinji gezek ýurduň birinjiliginde ýeňiji boldy. Indi «Portu» toparynyň hasabynda jemi 31 çempion tituly bar. Bu görkeziji boýunça klub diňe «Benfikadan» (38 ýeňiş) yza galyp, ikinji orny eýeleýär.


düýn 23:57
1.8k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
9k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.5k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 10:53
8.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......