Weli Muhadowyň döredijilik mirasy ylmy-amaly maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy

  • 03.05.2026 16:04
  • 1.6k+

Aşgabatda türkmen kompozitory Weli Muhadowyň ömri we döredijiligine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Çäre Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda guraldy. Oňa medeniýet işgärleri, mugallymlar we talyplar gatnaşdy.

Çykyşlarda kompozitoryň türkmen saz sungatyny ösdürmekdäki orny bellenilip geçildi. Onuň milli äheňleri simfoniki mukamlar bilen utgaşdyrýan eserleriniň ähmiýeti nygtaldy. Hususan-da, Weli Muhadowyň döredijiliginde opera žanry aýratyn orun tutýar. «Zöhre we Tahyr» hem-de «Ganly saka» ýaly eserler türkmen opera sungatynyň milli mekdebiniň kemala gelmeginde binýat bolup hyzmat etdi.

Weli Muhadow diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş türki dünýäniň saz sungatyna uly goşant goşan dünýä derejeli kompozitordyr diýip, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew belledi.

Gatnaşyjylar medeni mirasy dünýä ýaýmagyň we türki halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini nygtady.

Şeýle hem kompozitoryň Moskwa döwlet konserwatoriýasynda okan ýyllaryndaky gazanan üstünlikleri bellenildi. Ol 4-nji ýyl talyby wagtynda meşhur «Türkmen sýuitasyny» ýazyp, SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolupdy. Onuň 5-nji ýylyndaky diplom işi bolan «Meniň Watanym» atly simfoniki poemasy hem ýokary döwlet baýragy bilen sylaglanyldy. Konserwatoriýanyň talybynyň iki ýyl yzygiderli döwlet baýragyna mynasyp bolmagy Moskwanyň bu abraýly okuw mekdebiniň tutuş taryhynda ýeke-täk wakadyr.

Çäräniň çäklerinde saz eserleri ýaňlandy we talyplar üçin ussatlyk sapaklary geçirildi.


düýn 11:37
4.4k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

düýn 07:47
1.3k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
6.9k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......