7.6k+

“Bawariýa” 11-nji gezek Germaniýanyň Superkubogyny aldy

"Bawariýa” futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda “Ştutgarty” 2:1 hasabynda utup, kubogyň eýesi boldy. Duşuşyk Ştutgartda geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde Garri Keýn (18-nji minut) we Luis Dias (77) gol geçirdi...

13k+

Hytaýda 300 metrlik kert gaýada kitap dükany açyldy

Hytaýyň Heçi okrugynda (Guansi-Çžuan awtonom sebiti) 300 metrlik kert gaýada gurlan kitap dükany açyldy. Bu barada News-Asia neşiri ýazýar. Dükan 2025-nji ýylyň maýynda işläp başlady we birnäçe aýyň içinde 100 müňden gowrak myhmany özüne çekdi...

3.4k+

Jeýms Gannyň “Supermen” filmi onlaýn elýeterli boldy

Jeýms Gannyň “Supermen” blokbasteri akym hyzmatlarynda peýda boldy we indi onlaýn tomaşa etmek üçin elýeterlidir. Film halkara prokatda 500 mln dollardan gowrak ýygnap, önümçilik we marketing çykdajylaryny doly ödedi...

7.8k+

Türkmenistanda soltan Jelaletdin barada täze kitap neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary Orazpolat Ekäýew bilen Rejep Jommyýewiň «Soltan Jelaletdin Menguberdi» atly kitabyny neşir etdi diýip,  «Türkmenistan» gazeti habar berýär...

8.8k+

UEFA klublaryň täzelenen reýtingini çykardy: birinji - «Real»

2025/26 möwsüminiň öňüsyrasynda UEFA klublaýyn reýtingini täzeledi. Sanawda ilkinji orny 117,5 utuk toplan Madridiň "Realy" eýeledi. Geçen möwsümde “Real” hiç bir kubogy gazanyp bilmese-de, UEFA-nyň reýtingi soňky bäş möwsümde toparlaryň Ýewrokuboklardaky netijelerine görä düzülenligi sebäpli "Real" sanawyň başyna çykdy...

1.6k+

 Meta-nyň Threads sosial ulgamynyň aýlyk ulanyjy sany 400 milliondan geçdi

Meta degişli bolan Threads sosial ulgamynyň aýdaky işjeň ulanyjylarynyň sany 400 milliondan geçdi diýip, Instagram-yň baş direktory Adam Mosseri aýtdy. Mosseri işe başlany bäri iki ýylyň içinde bu hyzmatyň "açyk pikir alyşmak üçin möhüm platforma" öwrülendigini aýtdy...

3.7k+

Kiokuşinkaý karate boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Merkezi Aziýa Kubogyna gatnaşýar

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça ýygyndy topary Merkezi Aziýa Kubogyna gatnaşmak üçin Özbegistana ugrady. Ýaryş 18–20-nji awgustda Daşkent şäherinde geçiriler. Sebitdäki iň güýçli türgenleri jemlejek ýaryş türkmen karateçileri üçin 2025-nji ýylyň 28–31-nji noýabry aralygynda Ýaponiýanyň Maebasi şäherinde geçiriljek Dünýä çempionatyna taýýarlygyň möhüm tapgyry bolar...

3.6k+

Pekinde adam şekilli robotlaryň ilkinji Bütindünýä oýunlary geçirilýär

Pekinde gumanoid robotlaryň ilkinji Bütindünýä oýunlary açyldy. Ýaryşlara 16 ýurtdan 280 topar gatnaşýar diýip, Associated Press we GizmoChina habar berdi. Oýunlar 15 – 17-nji awgustda 2022-nji ýyldaky Olimpiada üçin gurlan “Buz lentasy” milli konki stadionynda geçirilýär...

1.7k+

Microsoft korporasiýasy Windows, Office we Edge-de 100-den gowrak gowşaklygy düzetdi

Microsoft “Patch Tuesday-iň” çäklerinde täzelenmeler bukjasyny çykaryp, Windows-da, Office-de, Edge brauzerinde we beýleki hyzmatlarda 107 gowşaklygy düzetdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, olaryň arasynda howplulary hem bar, ýöne hakerler tarapyndan hakyky hüjümlerde ulanylan ýagdaýlar hasaba alynmady diýip, PSWorld ýazýar...

8.5k+

17-nji awgustda Ýeriň golaýyndan 15 gatly jaýyň ululygynda asteroid uçup geçer

17-nji awgustda Aşgabat wagty bilen 14:30-da diametri 50 metr töweregi bolan 2025 PM asteroidi Ýeriň golaýyndan uçup geçer. Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň maglumatlaryna görä, planeta çenli iň az aralyk, takmynan, bir Aý orbitasynyň diametrine barabar bolar – bu bir million kilometrden az...

8.4k+

La Liganyň başlygy “Barselona” barada maliýe maglumatlaryny aýan edendigi üçin işden çykarylyp bilner

La Liganyň prezidenti Hawýer Tebas “Barselona” futbol kluby barada gizlin maglumatlary aýan etmekde aýyplamalardan soň wezipeden aýrylyp bilner. Bu barada AS gazeti habar berýär. Ispaniýanyň Demokratiýa we sport aç-açanlygy assosiasiýasynyň başlygy Migel Anhel Galan Ýokary sport geňeşine (CSD) 50 sahypalyk resminama berip, onda Tebasyň bäş düzgün bozma ýol berendigini nygtady...

2.2k+

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen geljekdäki duşuşyklaryň tertibi maslahatlaşyldy

14-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hirosi Sasaki bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda diplomatlar ýakyn geljekde meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerdäki duşuşyklaryň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar...

2.6k+

Raşid Meredow Hytaýyň ilçisi bilen meýilleşdirilýän saparlara we duşuşyklara taýýarlygy maslahatlaşdy

14-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Szi Şumin bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler...

5.3k+

Kodak 133 ýyl işläninden soň bergileri sebäpli ýapylyp bilner

133 ýyllyk taryhy bolan dünýäniň iň gadymy foto-kompaniýalarynyň biri – Eastman Kodak amerikan kompaniýasy bergiler sebäpli işini dowam etdirmeginiň näbellidigini aýtdy diýip, CNN habar berýär. Girdejiler we ýitgiler baradaky täze hasabatda kompaniýa 500 mln dollar möçberde bergini üzmek üçin kepilli pulunyň ýa-da tiz satyp boljak aktiwleriniň ýokdugyny görkezdi...

3.9k+

Dýuplantis karýerasynda 13-nji we tomusda 2-nji gezek rekordy täzeledi

Şwesiýaly şestli böküji Arman Dýuplantis Budapeştdäki Memorial Iştwan Dýulaýda täze dünýä rekordyny goýdy. Ol 6,29 metr beýiklikden geçdi. Bu onuň tomusda ikinji we karýerasynda 13-nji rekordy boldy. Iýul aýynda 25 ýaşly türgen Stokgolmdaky “Brilliant ligasy” tapgyrynda birinji synanyşykda 6,28 metr netijäni görkezdi...

4.1k+

Teýlor Swift täze "The Life of a Showgirl" albomyny yglan etdi

Teýlor Swift The Life of a Showgirl atly 12-nji studiýa albomyny yglan etdi. Albom barada aýdymçy ýoldaşy Trewis Kelsiniň we onuň dogany Jeýsonyň alyp barýan New Heights podkastynda aýtdy diýip, The Guardian habar berýär...