Dünýäde oktýabrda iň gymmatlan we arzanlan harytlar belli boldy

  • 04.11.2025 18:41
  • 7.6k+

Oktýabrda dünýä bazarlarynda uly baha üýtgemeleri hasaba alyndy. Iň uly ösüşi kobalt görkezdi: onuň bahasy 28,5% ýokarlandy we bu hem metaly bu döwürde dünýäde iň gymmat haryda öwürdi. Bu barada ICE Futures, CME Group biržalarynyň we Şanhaýyň metal biržasynyň maglumatlaryna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Kobalt gyzgyna çydamly, berk erginleri (awiasiýa hereketlendirijileri we gurallar üçin) döretmek üçin, şeýle-de elektromobilleri we dürli elektronikany, şol sanda smartfonlary iýmitlendirýän litiý-ion akkumulýatorlary üçin katodlary öndürmekde işjeň ulanylýar.
Beýleki metallaryň arasynda palladiý 15,8% we litiý 9,5% gymmatlady. Oba hojalyk önümleriniň arasynda iň uly ösüşi soýa (8,2%), robusta kofesi (7,3%) we arabika (3,8%) görkezdi.
Energetika önümleriniň arasynda ösüş boýunça öňdebaryjy ABŞ-da tebigy gaz boldy, ol 19,4% gymmatlady. Şeýle-de, dizel ýangyjy (7,6%) we ýakyş garaýagy (6,9%) üçin bahalar ýokarlandy.
Şol bir wagtyň özünde, käbir harytlar ep-esli arzanlady. Öňdebaryjy apelsin şiresi boldy, onuň bahasy 23,3% arzanlady. Şeýle-de, doňuz eti üçin bahalar 18%, seýrek metal bolan neodim üçin 13,4% peseldi.   


düýn 10:04
4.6k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

10.06.2026 17:29
11k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.3k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......