Rimiň merkezinde orta asyryň Konti binasy ýumruldy

  • 04.11.2025 18:38
  • 7.7k+

Rimiň merkezinde şäheriň iň görnükli binalarynyň biri bolan Konti binasy bölekleýin ýumruldy diýip, Corriere della Sera habar berýär.

Binada abatlaýyş işleri alnyp barylýardy. Waka bolan wagty binanyň içinde dört gurluşykçy işleýärdi. Olaryň biri agyr şikes aldy we hassahana ýerleşdirildi, beýleki ikisi ýeňil ýaralandy.
Ýene bir işçi binanyň ýumrulan bölekleriniň aşagynda galdy we soňrak aradan çykdy. Halasgärler onuň ýanyna barmaga synanyşanda iki sagatdan soň diýen ýaly binada täze ýumrulma boldy. Netijede, ýene bir ýangyn söndüriji şikes aldy.
Konti binasy IX asyrda guruldy we uzak wagtlap Konti maşgalasynyň rezidensiýasy bolup hyzmat etdi. XIII asyrda ol bu maşgaladan gelip çykan papa Innokentiý III-niň tabşyrygy bilen doly gaýtadan guruldy.
XX asyrda binada Rim häkimliginiň ofisi ýerleşýärdi. Soňky ýyllarda bina boş durdy we dikeldiş ýagdaýyndady. Abatlaýyş işlerini 2026-njy ýylda tamamlamak meýilleşdirilipdi. 


10.06.2026 08:53
3.6k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......

26.05.2026 00:48
3.2k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

15.05.2026 15:40
4.2k+

Italiýada dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» ýola goýuldy

Italiýanyň demirgazygynda işläp düzüjiler tarapyndan dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» diýlip atlandyrylýan RailEvo transport ulgamynyň synaglary başlandy. Taslama bar bolan demirýol infrastrukturasynyň......