Gazagystan 2028-nji we 2029-njy ýyllarda Konferensiýa ligasynyň finallaryny geçirmäge dalaş edýär

  • 03.11.2025 17:06
  • 3.4k+

Gazagystan 2028-nji we 2029-njy ýyllarda Ýewropada üçünji uly klub ýaryşy bolan Konferensiýa ligasynyň finallaryny geçirmek üçin arza berdi. Olaryň geçirilip bilinjek ýerleri hökmünde Astanadaky we Almaatadaky stadionlar görkezildi. Olar 30,2 müň we 23,8 müň tomaşaça niýetlenýär. Ahyrky arzada diňe bir meýdança görkeziler diýip, Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) habar berdi.

Guramanyň metbugat relizinde gyzyklanma bildirilýändigi baradaky arzanyň hökmany däldigi, gutarnykly teklibiň 2026-njy ýylyň 10-njy iýunyna çenli doly resminama bilen iberilmelidigi bellenilýär.
2028-nji ýylda Konferensiýa ligasynyň finalyny geçirmäge Fransiýa (Lill, “Pýer Morua”), Wengriýa (Budapeşt, “Puşkaş Arena”), Italiýa (Turin, “Ýuwentus Stedium”) we Polşa (Gdansk, “Arena Gdansk”) hem dalaş edýär. 2029-njy ýylda finaly kabul etmäge Finlýandiýa (Helsinki, “Olimpiýa stadiony”) hem taýýar.
Mundan başga-da, UEFA beýleki ýewrokubok ýaryşlarynyň: Çempionlar ligasynyň, Ýewropa ligasynyň, zenanlaryň arasynda Çempionlar ligasynyň finallaryny geçirmek üçin 15 milli assosiasiýadan arza kabul etdi.
Şeýlelikde, 2028-nji ýylda Çempionlar ligasynyň finalyny geçirmäge Mýunhendäki Allianz Arena, 2029-njy ýylda Londondaky Wembley we Barselonadaky Camp Nou dalaş edýär. 


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......