ABŞ-da EA çat-botlary hyýaly kazyýet mejlisinde oturdaşlaryň wezipesini synag edildi

  • 04.11.2025 12:32
  • 1.7k+

Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň (ABŞ) hukuk fakultetinde adaty bolmadyk synag geçirildi: emeli aň bilen işleýän çat-botlar hyýaly kazyýet mejlisinde oturdaşlaryň ornunda çykyş etdiler. Bu barada Futurism neşiri habar berýär.

EA-oturdaşlara talaňçylykda günäkärlenýän ýetginjek baradaky işde höküm çykarmak tabşyryldy. Synaga OpenAI-yň ChatGPT-si, xAI-iň Grok-y we Anthropic-iň Claude-i gatnaşdy. Botlara diňlenişigiň hakyky wagtlaýyn ýazgysy berildi, şondan soň olar duşuşyklary gatnaşyjylaryň öňünde ara alyp maslahatlaşdylar. Olaryň pikir alyşmalary üç sany uly ekranda görkezildi.
Mejlisiň soňunda hukuk professory hem-de hukuk ugrundan bilimli filosof EA-ny kazyýet işlerinde ulanmak pikiri bilen ylalaşmadylar. Olar emeli aňyň şaýatlaryň beden dilini seljermäge, adam psihologiýasyny, tejribesini we duýgulary göz öňünde tutmaga ukyply däldigini bellediler. Mundan başga-da, algoritmlerde eýýäm jynsparazlygyň ýüze çykýan ýagdaýlary barada mysallar bar.
Guramaçylaryň aýtmagyna görä, synagyň maksady şeýle tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen takyklykda, netijelilikde we garaşsyzlykda ýüze çykyp biljek meseleleri görkezmekden ybarat.
Futurism-iň maglumatlaryna görä, emeli aň resmi taýdan kazyýet mejlislerine gatnaşmaga heniz rugsat edilmeýär. Şeýle-de bolsa, bu çat-botlaryň üçüsiniň hem eýýäm real işlerde hukukçylar tarapyndan ulanylandygy mälim. Şeýle ýagdaýlarda algoritmler käwagt ýok kazyýet işlerine salgylanyp, olary bar ýaly görkezýär — netijede käbir kazylar hukukçylara temmi bermeli bolýarlar.
Şeýle wakalara garamazdan, EA-tehnologiýalary kazyýet ulgamynda meşhurlygyny artdyrýar. Reuters-iň geçiren soraşmasyna görä, hukukçylaryň takmynan dörtden üç bölegi emeli aňy öz işlerinde peýdaly gural diýip hasaplaýarlar.


düýn 16:26
4.4k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
15k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......