Netflix Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýniniň” soňky treýlerini görkezdi: premýera 7-nji noýabrda

  • 03.11.2025 17:12
  • 3.5k+

Netflix akym hyzmaty režissýor Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýn” filminiň soňky treýlerini hödürledi. Filmiň premýerasy 7-nji noýabrda platformada bolar.

Wideo Netflix-iň resmi YouTube kanalynda görmek üçin elýeterlidir.
Film aýylganç tejribeleriň kömegi bilen özi tarapyndan döredilen jandary direltmek islän doktor Wiktor Frankenşteýn barada gürrüň berýär. Ýöne onuň döreden zady tutuş adamzat üçin howpa öwrülýär.
“Suwuň şekili” we “Fawna labirinti” ýaly meşhur filmleriň awtory bolan Gilýermo del Toro nusgawy romanyň hususy wersiýasyny düşürmegi köpden bäri arzuw edipdi. Ol bu taslama diňe Netflix üçin “Seýrek zatlaryň kabinetini” we “Pinokkio” animasion lentasyny düşürenden soň girişip başlady.  
Täze filmiň aktýorlar düzümine Oskar Aýzek (“Aý rysary”), Kristof Wals (“Şöhratsyz deýýuslar”), Jeýkob Elordi (“Soltbýorn”) we Mia Got (“Kölegeleriň mesgeni”) girdi.
Rotten Tomatoes saýtynyň maglumatlaryna görä, tankytçylar del Toronyň täze işine oňyn baha berdi – film 84% oňyn ses aldy. 


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....