Türkmenistandan iki ýaş zehin Gazagystanda geçirilen halkara sungat festiwalynda ýeňiji boldy

  • 04.11.2025 15:19
  • 5.7k+

Türkmenistandan iki wekil Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen “THE PLANET OF ART – 2025” Halkara ýaşlar sungat festiwalynyň ýeňijileri boldular.  Ylham Orazmämmedow instrumental ugur boýunça, Aýşat Rejepowa bolsa horeografiýa ugrunda ýeňiş gazandy. Ýaşlaryň ikisi hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň  ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary.

Baýraklara dünýäniň 18 ýurdundan jemi 40 sany ýaş artist mynasyp boldy. Festiwal ÝUNESKO-nyň Klublarynyň we assosiasiýalarynyň Bütindünýä federasiýasynda Gazagystanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy. Saýlama tapgyryna 12–18 ýaş aralygyndaky müňlerçe artist gatnaşdy.
Final tapgyryna çykanlar Almaty şäherinde jemlenip, Gazagystanyň meşhur mugallymlarynyň we sungat ussatlarynyň goldawy bilen okuw we medeni maksatnama gatnaşdylar.

THE PLANET OF ART – 2025 festiwalynyň tapawutly aýratynlygy hökmünde janly simfoniki orkestr bilen bilelikde gala-konsert geçirildi. Konsert dünýäniň saz medeniýetini we milli kompozitorlaryň eserlerini birleşdiren teatrlaşdyrylan maksatnama hökmünde guraldy.
Taslama BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň sentýabrynda kabul edilen «Geljegiň Paktyny» ilerletmegiň çäginde durmuşa geçirildi. Festiwal Gazagystanyň medeniýet, maglumat we bilim ministrlikleriniň, şeýle hem beýleki döwlet we halkara hyzmatdaşlaryň goldawy bilen guraldy.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.7k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.7k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......