Türkmenistan we ÝUNISEF türkiýeli hünärmenleriň gatnaşmagynda çagalary goramak ulgamyny berkidýärler

  • 03.11.2025 12:36
  • 5.2k+

27–30 oktýabr aralygynda Aşgabatda çagalaryň hukuklaryny öňe sürmek we goramak meselelerine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany tarapyndan, ÝUNISEF-iň goldawy bilen guralan çäre, ýurdumyzda çagalary goramak boýunça milli ulgamy ösdürmekde we Türkiýäniň Adalatçynyň institutynyň tejribesini paýlaşmakda möhüm ädim boldy.

Çaganyň hukuklary boýunça türkiýeli hünärmenler Türkmenistanda çagalary goramak ulgamyny kämilleşdirmäge kömek edip biljek amaly usullary we üstünlikli tejribäni hödürlediler. Şeýle hem seminarda çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek, şikaýatlaryň kabul edilmegi we olara degişli derňewleriň geçirilmegi meselelerine aýratyn üns berildi.
Seminaryň aýratyn bölümi Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň sosial iş boýunça hünärmenlerine bagyşlandy. Olary «öň hatardaky işgärler» diýip atlandyryp, ejiz maşgalalary goldamakda we kömege mätäç çagalary ýüze çykarmakda olaryň möhüm roly nygtaldy.

«Biz jogapkär düzümleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we tejribe alyşmagy dowam etdireris. Maksadymyz – her bir çaganyň hukuklarynyň doly goralmagyny we berjaý edilmegini üpjün etmek» diýip, Türkmenistanda ÝUNISEF-iň wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Maýke Beýker belledi.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....