Sinner Pariždäki “Mastersde” ýeňiş gazanyp, dünýäniň birinji raketkasy adyny gaýdyp aldy

  • 03.11.2025 17:30
  • 3.4k+

Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Pariždäki “Masters” ýaryşynda ýeňiş gazanandan soň ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy. Ol finalda kanadaly Feliks Ože-Alýassimi 6:4, 7:6 (7:4) hasabynda utdy.

Italiýaly türgen üçin bu ýeňiş Alýassim bilen bäş şahsy duşuşykda üçünji boldy. Mundan başga-da, bu onuň Fransiýanyň paýtagtyndaky ýaryşda ilkinji titulydyr.
Umuman, Sinner “Masters” ýaryşlarynda bäşinji we karýerasynda 23-nji titulyny gazandy. Ol ýapyk kortlarda ýeňişli tapgyryny yzygider 26 oýna çenli uzaltdy.
Şeýle-de, Sinner 1990-njy ýyldan bäri Pariždäki “Mastersde” bir setde-de utulman ýeňiş gazanan dördünji tennisçi boldy. Ozal şeýle üstünlige Stefan Edberg (1990), Rojer Federer (2011) we Nowak Jokowiç (2014, 2019) ýetipdi.
Ýeňiş Sinnere 1000 utuk we 946 müň ýewro baýrak getirdi. Indi ol ýaryşyň birinji tapgyrynda çykan Karlos Alkarasdan öňe geçip, ATP-niň reýtinginde ýene birinji orny eýelär. 


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......