Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

  • 03.11.2025 11:37
  • 4.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna ynamly goşulyşýandygyny belläp, beýleki pudaklar bilen birlikde, gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hem döwletimizde amala aşyrylýan beýik özgertmelere, gazanylýan ägirt uly üstünliklere mynasyp goşantlaryny goşýandygyny nygtady.

"Täze taryhy eýýamda gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi hem-de onuň möhüm düzümleri bolan senagat, gurluşyk, himiýa, energetika, ýolgurluşyk pudaklary ýokary depginler bilen ösýär. Milli we döwlet maksatnamalarynyň, sebit, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmeginde bu topluma uly orun degişlidir" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýada ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurulmagyny, onuň ikinji tapgyrynda gurulýan desgalary döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň güwäsi hökmünde belledi. 
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap senagat we gurluşyk önümçiligine niýetlenen iri kärhanalaryň gurulýandygyny belläp, döwlet Baştutany "2024-nji ýylda Lebap we Bäherden sement zawodlarynyň ikinji tapgyrlary işe girizilen bolsa, şu şanly ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenen Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň, paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde gurlan çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň dabaraly açylyp ulanmaga berlendigini" aýtdy.
Döwlet Baştutany milli ykdysadyýetiň ösüşinde elektroenergetika pudagynyň hem möhüm ornuny belläp geçdi.

"Türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini we ugurlaryny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda pugtalandyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberleri yzygiderli artdyrylýar" diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Serdar Berdimuhamedow şeýle hem häzirki döwürde ýolgurluşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini nygtady.

"Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi ýurdumyzyň çäklerinde ýerli we döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda, öňdebaryjy ýolgurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly gurulmagyny üpjün edýär. Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy muňa aýdyň mysaldyr" diýip, döwlet Baştutany belläp geçdi.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......