Kianu Riwz täze “Galpyldama” ylmy-fantastik trillerinde baş keşbi janlandyrar

  • 03.11.2025 17:08
  • 2.8k+

“Matrisa” we “Jon Uik” filmleriniň ýyldyzy, kanadaly aktýor Kianu Riwz “Galpyldama” (Shiver) ylmy-fantastik filminde baş keşbi ýerine ýetirer. Bu barada The Hollywood Reporter žurnaly habar berýär.

Sýužet barada giňişleýin maglumatlar ýok. Ýöne neşiriň maglumatlaryna görä, waka ýumuş wagty Karib deňzinde jesetleriň, hakyna tutulan işgärleriň we akulalaryň arasyna düşýän kontrabandaçynyň töwereginde jemlener.
Taslamanyň awtorlary atmosferasy we dinamikasy boýunça “Galpyldamanyň” baş keşbi Tom Kruzyň ýerine ýetirmeginde Dag Laýmanyň “Geljegiň çägi” filmi bilen Bleýk Laýwliniň gatnaşmagynda “Saý” trilleriniň garyndysyna meňzejekdigini wada berýär.
Taslamanyň režissýory hökmünde Tim Miller (“Dedpul”, “Terminator: Garaňky ykbal”) çykyş eder. Prodýuser “Kingsman” franşizasynyň awtory Mettýu Won bolar, ol önümçilik bilen Marv Films studiýasy arkaly meşgullanar. Filmiň ýene bir prodýuseri Aaron Raýder bolar. Film üçin ssenarini Ien Şorr ýazdy. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....