Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 03.11.2025 11:22
  • 5.7k+

2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Itony kabul etdi.

Işewür Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi ekologik taýdan arassa innowasion tehnologiýalaryň esasynda senagatlaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatyň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem myhman Balkan welaýatynda täze desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany myhmana Türkmenistan bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrundaky täze başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, hemişe özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar. Häzirki wagtda iri ýapon kompaniýalary ýurdumyzda dürli ulgamlarda, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumynda, energetika, himiýa senagatynda netijeli işleri alyp barýarlar.

“Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutup, geljekde hyzmatdaşlygymyzy täze ugurlar boýunça ösdürmäge uly mümkinçilik bar diýip hasap edýärin” diýip, Serdar Berdimuhamdow aýtdy we Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulýan, karbamid öndürmäge niýetlenen toplumyň Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Işewür netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......