Türkiýede bukmeker goýumlary üçin 149 emin futboldan çetleşdirildi

  • 03.11.2025 17:02
  • 5.3k+

Türkiýäniň futbol federasiýasynyň (TFF) Tertip-düzgün geňeşi oýunlara pul goýmakda aýyplanýan 149 emini bu işden wagtlaýyn çetleşdirmek kararyna geldi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär.

Çetleşdirmek möhleti 8 aýdan 12 aýa barabar. TFF üç emin boýunça derňew işleriniň entek dowam edýändigini belledi. Işden çetleşdirilenleriň arasynda bäş ýylyň içinde her biri azyndan 10 000 gezek pul goýan on emin, şeýle-de 18 227 gezek goýum eden bir emin bar.
Öň, TFF-iň prezidenti Ibragim Hajiosmanoglu ýurduň professional ligalarynda işleýän 571 eminden 371-niň bukmeker edaralarynda hasaba alnandygyny habar berdi. Olardan ýedi baş emin we on bäş kömekçi emin ýokary diwizionyň oýunlarynda hyzmat edýär. Şol bir wagtyň özünde, Hajiosmanoglu bu eminleriň öz eminlik eden oýunlarynda goýum edendigini ýa-da ýokdugyny aýdyňlaşdyrmady.
AFP-niň maglumatlaryna görä, iş boýunça derňewi Stambulyň prokuraturasy alyp barýar. Giňişleýin maglumatlar entek ýok. 


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......