Kia PV5 bir zarýadda iň uzak ýol geçmek boýunça furgonlar arasynda Ginnes rekordyny täzeledi

  • 04.11.2025 14:13
  • 2.3k+

Kia PV5 elektrik furgony resmi taýdan Ginnes rekordlar kitabyna girizildi. Model doly ýük bilen synagdan geçirilen satlykdaky elektromobilleri arasynda iň uzak ýol geçýän ulag hökmünde ykrar edildi: furgon bir zarýadda 693,38 kilometr geçdi.

Geçirilen ýöriş 30-njy sentýabrda amala aşyryldy, emma onuň netijeleri häzir mälim edildi.
Synagda 71,2 kWt⋅s akkumulýatorly PV5 wersiýasy gatnaşdy. WLTP ölçegine laýyklykda, onuň bir zarýaddaky hereket ätiýajy 416 kilometr, synagda ulanylan modifikasiýanyň göterijilik ukyby bolsa 665 kilogram boldy.
Kia kompaniýasynyň habar bermegine görä, synaglar hakyky ýol şertlerinde geçirildi. PV5 üçin Frankfurt şäheriniň golaýynda uzynlygy 58 kilometr bolan halka görnüşli ugur taýýarlandy. Bu ýol ugruna ýol geçiş nokatlary, ulag geçelgeleri, şäher akymy bolan bölekler we belentlik-düşgünlik tapawutlary girýärdi. Jemi furgon bu ugry diýen ýaly 12 gezek aýlady.
Kia PV5-niň uzynlygy 4,7 metr, teker bazasy 3 metr, ýük bölüminiň göwrümi 4,4 kub metre çenli, iň uly göterijilik güýji bolsa 790 kilogram. Geljekde kompaniýa has elýeterli akkumulýatorly we has giň ýük bölümi bolan wersiýalary çykarmagy meýilleşdirýär.


29.05.2026 23:38
3.1k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.5k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.5k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......