Alymlar ilkinji gezek termoýadro reaktorynyň içinde plazmanyň nähili görnüşde bolýandygyny görkezdiler

  • 04.11.2025 09:37
  • 3k+

Britaniýanyň Tokamak Energy kompaniýasy ilkinji gezek synag termoýadro reaktory bolan ST40-nyň içindäki plazmanyň nähili hereket edýändigini jemgyýetçilige görkezdiler. Bu üstünlik adamzady çäksiz we ekologiýa taýdan arassa energiýa öndürip bilýän elektrik stansiýalaryna bir ädim ýakynlaşdyrýar.

Wideoýazgy sekuntda 16 müň kadr surata düşürip bilýän ýokary tizlikli kamera arkaly alyndy. Kadrlarda halka görnüşli kameralaryň içinde aýlanyp duran ýagty saçýan wodorod plazmasynyň benewşe buludy görünýär. Plazma güýçli magnit meýdany arkaly saklanýar we Günüň üstündäki temperaturadan ýokary diýen ýaly derejede gyzdyrylýar.
Plazmanyň diňe daşky gatlagy ýagtylyk çykarýar. Onuň ýadrosy bolsa şeýle bir gyzgyn welin, göze görünýän yşyk çykarmaga ukyply däl.
Kadrlardaky ýokarky çep bölekde peýda bolan açyk gülgüne şöhle — deýteriý gazynyň goýberilmegi bilen baglanyşyklydyr. Sag tarapdaky gyrmyzy öwüşgin bolsa ýörite enjam arkaly berilýän litiý bölejikleriniň netijesidir. Litiý plazmanyň has gyzgyn gatlagyna düşende elektronlaryny ýitirip, Li⁺ (ionlaşdyrylan litiý) görnüşine geçýär. Şol ýagdaýda ol ýaşyl-sary öwüşginli ýagtylyk saçýar we magnit meýdanynyň ugruna görä hereket edýär.
Alymlaryň bellemegine görä, görkezilen wideo ýadro birleşmesiniň özi däl, plazmanyň özüni alyp barşy we ionlaşma prosesini görkezýär. Käbir habar beriş serişdeleri muňa ýalňyş düşünipdir.
ST40 häzirki wagtda dünýäde iň güýçli sferik tokamak hasaplanýar. 2022-nji ýylda Tokamak Energy plazmanyň temperaturasynyň 100 million gradusa ýetendigini mälim edipdi — bu gelejekde täjirçilik termoýadro birleşmesi üçin zerur bolan çäkdir. Şonuň bilen birlikde, desga entek energiýa öndürmek üçin zerur bolan durnukly reaksiýany dowam etdirmäge ukyply däl.


şu gün 10:01
1.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

düýn 19:32
2.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......